DÜNÝÄ

Mişustin türkmen-rus mekdebine roýal sowgat etdi

Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin Aşgabatdaky türkmen-rus mekdebine roýal saz guralyny sowgat berdi. Bu barada Russiýanyň Hökümetiniň “Telegram” jemgyýetçilik torunda habar berilýär.

Rus hökümetiniň başlygynyň adyndan gaz guralyny mekdebe Russiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Aleksandr Blohin gowşurdy. Ilçi iki ýurduň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmegiň we berkitmegiň möhüm bolup durýandygyny belledi.

Mälim bolşy ýaly, Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin 19-20-nji ýanwarda Aşgabada amala aşyran saparynyň çäklerinde türkmen-rus mekdebine baryp görüpdi. Şonda Mişustin mekdebiň 9-njy synp okuwçysy Anastasiýa Kosnikowanyň “Matematika we saz” atly taslamasyna uly gyzyklanma bildiripdi.

Mekdebiň okwuçysy özüniň taslamasynyň ýokary baha mynasyp bolmagyndna gaty hoşaldygyny belläp, Mihail Mişustine özüniň minnetdarlygyny bildirdi we bu sowgadyň onuň saz uguryny ösdürmäge itergi berjekdigini belledi.

Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin özi hem aýdym-saz uly gyzyklanma bildirýär. Ol birnäçe gezek fortepiano we beýleki saz gurallary çalmakdaky ukybyny görkezipdi.

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Gazagystan aragatnaşyk ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirer

Türkmenistanyň ilçisi Ýaponiýada çagalar festiwalyna gatnaşdy

Türkmenistan «Green EXPO 2027 Yokohama» halkara sergisine gatnaşmagy meýilleşdirýär

Türkmenistan “Merkezi Aziýa-Italiýa-Azerbaýjan” oba hojalyk forumyna gatnaşdy

Türkmenistan-Özbegistan: obasenagat toplumynda hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

Aşgabat bilen Daşkendiň arasyndaky hyzmatdaşlyk işjeňleşdiriler

Ata Watan Eserleri