“Forbes” žurnaly 2020-nji ýylda dünýä ýüzünde 2.200 sany milliarderleriň baýlygy 1,9 trillion dollar artdy diýip habar berýär. Ähli milliarderleriň baýlygy 2019-njy ýyl bilen deňeşdirilende, 9,5 trillion dollardan 11,4 trillion dollara çenli artyp, ýagny 20% göterim ýokarlanypdyr. Hasabatda şu ýylda 600 sany amerikan milliarderleriniň baýlygy 560 milliard dollardan 4 trillion dollar çenli artdy. “Tesla” kompaniýasynyň baş ýolbaşçysy Ilon Maskyň baýlygy bolsa 110 milliard dollardan 137 milliard dollara çenli ýokarlandy. Dünýäniň iň baý adamsy “Amazon” kompaniýasynyň başlygy Jeff Bezos hasaplanylýar. Şu ýyl onuň hem baýlygy 67,5 milliard dollar ýokarlanypdyr.
“Tesla” kompaniýasy hakda…
“Tesla” kompaniýasy 2003-nji ýylyň 1-nji iýulynda Ilon Mask tarapyndan esaslandyrylýar. Bu kompaniýa elektro awtoulaglaryny, ulagyň şaý-seplerini we Gün panellerini öndürýär we satýar. Kompaniýa ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatynda ýerleşýär.
“Amazon” kompaniýasy hakda…
Kompaniýa – elektron söwdasy, sanly akym we emeli intellekt bilen meşgullanýar. “Amazon” kompaniýasy ABŞ-nyň Waşington şäherinde ýerleşýär we Amerikanyň ägirt uly tehnologiýa kompaniýasy bolup durýar. Şeýle hem bu kompaniýa “Google”, “Apple”, “Microsoft” we “Facebook” bilen bir hatarda ABŞ-nyň maglumat tehnologiýalary pudagynda iň uly bäş kompaniýanyň biri hasaplanýar. Bu kompaniýa dünýäniň iň täsirli ykdysady we medeni güýçleriniň biri bolup, dünýäde iň gymmatly markasy hasaplanylýar. “Amazon” kompaniýasy 1994-nji ýylyň 5-nji iýulynda Jeff Bezos tarapyndan esaslandyrylýar.
Ýurdumyzyň gözel künjegine degişli fotosuratlary bu sahypadan tapyp bilersiňiz!