SIZDEN GELENLER

Milli ykdysadyýetimiziň batly gadamlary

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň çäklerinde daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan harytlaryň önümçiligini artdyrmak, ýurdumyzyň eksport harytlarynyň möçberini köpeltmek, elektron senagaty döretmek boýunça maksatnamalar netijeli durmuşa geçirilýär.

Olaryň amala aşyrylmagyna Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary mynasyp goşant goşýarlar.  Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça ýedi aýda oba hojalyk hem-de azyk önümleriniň öndürilişiniň möçberiniň ösüş depgini 167,9 göterime, senagat önümleriniň öndürilişiniň ösüş depgini 109,2 göterime deň boldy. Bu görkezijiler şu ýylyň sekiz aýynda, degişlilikde, 168,6 we 114,8 göterime deň boldy. Ilata edilýän hyzmatlaryň möçberi ep-esli ýokarlandy.

Häzirki wagtda Diýarymyzyň işewür jemgyýetçiliginiň wekilleriniň 27 müňden gowragynyň TSTB-niň agzasydygyny aýtmak gerek. Türkmenistanyň ilatynyň ýarysyndan gowragy hususy ulgamda işleýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň iýun aýynda ýurdumyzyň hususy pudagyny goldamak boýunça möhüm Karara gol çekendigi bellemek gerek. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň telekeçilerine döwlet tarapyndan goldaw berler. Munuň üçin ABŞ-nyň 150 million dollary bölünip berildi.

Gurluşyk hem-de gurluşyk serişdeleriniň önümçiligi ulgamy türkmen işewürleriniň örän üstünlikli özleşdiren pudaklarynyň biridir. TSTB-niň agzalary önümçilik we durmuş maksatly desgalary — ýaşaýyş jaýlaryny we zawodlary, mekdepleri, çagalar baglaryny, lukmançylyk we sport binalaryny, ýollary, raýat awiasiýasynyň düzümleýin desgalaryny hem-de beýlekileri gurýarlar. Bu gün hususy gurluşyk kompaniýalarynyň amala aşyrýan iri döwlet buýurmalarynyň hatarynda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň, Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň, “Aşgabat-sitiniň” hem-de paýtagtymyzy ösdürmegiň 17-nji tapgyrynyň desgalarynyň gurluşyklary, Magtymguly şaýolunyň ugrunda täze “Daşkent” dynç alyş seýilgähiniň, Magtymguly Pyragynyň seýilgäh toplumynyň gurluşyklary bar.

Bitarap ýurdumyzyň alyp barýan “Açyk gapylar” syýasatynyň çäklerinde Diýarymyzyň telekeçilerine daşary ýurtlaryň işewürleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek üçin uly mümkinçilikler döredilýär. Bütindünýä Söwda Guramasynda Türkmenistanyň işjeň synçy derejesiniň bolmagy ýurtda önümçilik düzümlerini ösdürmäge, eksport mümkinçilikleri artdyrmaga, daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmäge we halkara ykdysady gatnaşyklar ulgamyna has işjeň goşulyşmaga uly mümkinçilikleri açýar.

Telekeçiler hyzmat ediş ulgamynyň we söwdanyň ösdürilmegine maýa goýumlaryny goýýarlar, ilata giň gerimli durmuş, mahabat hem-de neşirýat hyzmatlaryny hödürleýärler. Türkmen işewür jemgyýetçiliginiň hünärmentçilik, amaly-haşam sungaty bilen meşgullanýan agzalarynyň işleri milli medeni mirasyň wagyz edilmegine ýardam berýär.

Döwletiň hemmetaraplaýyn goldaw bermegi esasynda Diýarymyzyň telekeçiligi önümçilik we önümçilik däl ulgamlarda, eksport babatda hem-de daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan harytlaryň önümçiliklerini ösdürmekde, hyzmatlar ulgamyny öňe ilerletmekde we ýurdumyzyň azyk garaşsyzlygyny üpjün etmekde geljekde-de ösmegiň oňaýly mümkinçiliklerine eýedir.

Guwanç Sähetliýew,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky

Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň

Himiýa tehnologiýasy we ekologiýa fakultetininiň 3-nji talyby.

Ýene-de okaň

Energetika howpsuzlygy-durnukly ösüşiň kepili

Nebitgaz pudagy – ykdysadyýetiň daýanjy

Ata Watan Eserleri

Telekeçiligi ösdürmek – esasy ugur

Bedewler – türkmeniň buýsanjy

Ylym-bilim – bagtyýar geljegiň şamçyragy

Türkmeniň keçe sungaty – taryhy sungat

Ata Watan Eserleri