Şu günler gadymy Jeýhuny ýakalap oturan Türkmenabat şäheri toý lybasyna beslendi. Şäheriň milli öwüşgini bolan «Türkmeniň ak öýi» binasynda tutulýan dabaralaryň gerimi has-da giňedi. Goýnuna myhmanlary besleýän, özünde ýaýbaňlandyrylan milli senetçilik we amaly-haşam sungatynyň önümleriniň sergisi bilen göreni haýrana goýýan «Türkmeniň ak öýi» binasynyň ýanyndaky köpçülikleýin çäreler geçirilýän binasynda ýene bir aýdym-sazly dabara oňa gatnaşyjylara ýatdan çykmajak ýakymly duýgulary paýlady. Şu gün bu ýerde Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Modeller öýüniň wekilleri tarapyndan milli lybaslarymyz görkezildi. Türkmen keşdeçilik sungatyny dünýä ýaýmak maksady bilen geçirilen bu dabarada paýtagtymyzdaky «Mähirli zenan» modalar öýüniň döwrebaplaşdyrylan milli lybaslarynyň görkezilişi hem oňa gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy. Ýeri gelende, görkezilen milli lybaslarymyzyň daşary ýurtly myhmanlary juda haýran galdyrandygyny bellemek ýerlikli bolar. Çünki olar bilen söhbetdeş bolanymyzda: «Türkmen milli lybaslary özüniň tikilişi, sünnälenilen keşdeleri, ýüplükleriniň aýratynlygy, milli nagyşlarynyň dürli görnüşleri bilen hiç bir halkyňka meňzemeýär. Olar göreni aňk edýär» diýip, haýrangalyjylyk bilen belleýärler.
Dabaranyň dowamynda ýurdumyzyň Dokma senagaty ministrliginiň Modeller öýüniň wekilleri özbek hem-de gazak halklarynyň milli lybaslaryny hem görkezdiler. Ýagny gazagystanly Aižan Abdubaitowanyň taslan we özbegistanly dizaýnerleriň ikisiniň ― Azizbek Ruziýewiň we Nasiba Ishakowanyň taýýarlan lybaslary görkezildi. Olar zenanlar üçin penjekleri, erkekler üçin donlary alyp gelipdirler.
Munuň özi dünýä halklarynyň milli lybaslaryny öwrenmäge hem-de birek-birege bolan dostluk-söýgini artdyrmaga uly mümkinçilik boldy.
Durşy bilen gözellige beslenen dabarada Türkmenistanyň halk artistleri Züleýha Kakaýewa, Atajan Berdiýew, Türkmenistanyň at gazanan artistleri Dosmämmet Söýünow, Leýli Ökdirowa ýaly sahna ussatlary hem joşgunly aýdym-sazlary bilen çykyş etdiler. Dabara halkara festiwalyň çägindäki iň bir ýatdan çykmajak haýran galdyryjy çärä öwrüldi.