JEMGYÝET

Milli Liderimiziň «Hakyda göwheri» kitabyň azerbaýjan dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyşy geçirildi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Çärä Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylary we işgärleri, ýurdumyzda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň hem-de halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň we konsullyk edaralarynyň ýolbaşçylary, institutynyň professor-mugallymlar düzümi we talyplary, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Tanyşdyrylyş dabarasynyň dowamynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa, Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Gismat Gazalow, Türkmenistanyň Mejlisiniň Durmuş syýasaty baradaky komitetiniň başlygy, Türkmen-azerbaýjan Parlamentara dostluk toparynyň türkmen böleginiň başlygy Annamuhammet Sarjaýew, Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory Gülşat Ýusupowa, Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň alym kätibi, taryh ylymlarynyň kandidaty Kakajan Janbekow çykyş etdiler. Çäräni Halkara gatnaşyklary institutynyň prorektory Begenç Mätliýew alyp bardy.

Çykyşlarda bellenilip geçilişi ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideriniň «Hakyda göwheri» kitabynyň azerbaýjan dilinde neşir edilmegi däp bolan türkmen-azerbaýjan dostlukly gatnaşyklarynyň ähli ugurlarda pugtalanyp, ösdürilýändiginiň nobatdaky subutnamasy boldy.

Gahryman Arkadagymyzyň taryhy maglumatlara esaslanyp ýazylan bu eserinde türkmen halkynyň şöhratly geçmişiniň, onuň dünýä medeniýetine goşan uly goşandynyň, beýik şahsyýetleriň galdyryp giden ruhy mirasynyň giňden açylyp görkezilýändigi aýratyn bellenildi. Kitabyň gadymy oguz edebiýatyny öwrenmekde gymmatly ylmy çeşme bolup durýandygy hem nygtaldy.

Ýene-de okaň

Kanadanyň Premýer-ministri 8 ýyldan soň ilkinji gezek Hytaýa barar

“Arkadag” toparynyň garşydaşy “Al-Nasr” 3 oýundan bäri ýeňilýär

Türkmenistanyň jemagat hojalyklaryna täze tehnikalar gelip gowuşdy

Türkmenistan-BMG: Parahatçylyk we Bitaraplyk uniwersitetini döretmek maslahatlaşyldy

Eýranyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

Şu ýyl Türkmenistanda Azerbaýjanyň Medeniýet günleri geçiriler