Hormatly Prezidentimiz Bahreýniň Patyşasynyň, Katar Döwletiniň hem-de Gazagystan Respublikasynyň ýolbaşçylaryna milli baýramçylygy mynasybetli gutlag hatlaryny iberdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan hem-de hut öz adyndan Bahreýniň Patyşasy Hamad Bin Isa Al Halife we doganlyk bahreýn halkyna Bahreýn Patyşalygynyň Milli güni mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglaryny hem-de arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutanymyz gutlagynda ähli ugurlarda ylalaşykly özara gatnaşyklary, deňhukuklylyk, birek- birege hormat goýmak we iki halkyň bähbidini nazara almak arkaly ýola goýulýan döwletara gatnaşyklaryň möhüm maksatlara ýetmekde ýardam berjekdigine ynam bildirdi. Şu ýylyň 15-nji dekabrynda Türkmenistan bilen Bahreýn Patyşalygynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna 25 ýylyň dolýandygyny kanagatlanma bilen belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çärýek asyr döwrüň dowamynda doganlyk gatnaşyklaryň işjeňleşendigini we onuň özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň hil taýdan täze derejä çykandygyny aýratyn belledi.
“Biz ýurtlarymyzyň arasyndaky syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmegi maksat edinýäris. Däbe öwrülen türkmen-bahreýn hyzmatdaşlygynyň geljekde hem pugtalandyryljakdygyna ynanýaryn” diýip, milli Liderimiz belledi. Hormatly Prezidentimiz özüniň gadyrly dogany — Bahreýniň Patyşasy Hamad Bin Isa Al Halife Türkmenistan bilen Bahreýn Patyşalygynyň arasynda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine yzygiderli üns berýändigi üçin minnetdarlyk bildirdi we onuň Alyhezretine berk jan saglyk, abadançylyk, Bahreýniň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, gülläp ösüş hem-de rowaçlyk arzuw etdi.
***
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan hemde hut öz adyndan Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim Bin Hamad Al-Tanä we Kataryň dostlukly halkyna Katar Döwletiniň Milli güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi. “Türkmenistan bilen Katar Döwletiniň arasyndaky däbe öwrülen dost-doganlyk gatnaşyklary özara düşünişmegiň we ysnyşykly hyzmatdaşlygyň ýokary derejesi bilen tapawutlanýar. Bu gatnaşyklaryň biziň doganlyk halklarymyzyň bähbidine mundan beýläkde ösdüriljekdigine we pugtalandyryljakdygyna berk ynanýaryn” diýip, milli Liderimiz gutlagynda belleýär. Hormatly Prezidentimiz ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim Bin Hamad Al-Tanä berk jan saglyk hem-de abadançylyk, Kataryň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, rowaçlyk we gülläp ösüş arzuw etdi. Döwlet Baştutanymyz onuň Alyhezretine “Goý, Gudraty Güýçli Allatagala ähli asylly başlangyçlaryňyzda we maksatlaryňyzda Size medet bersin!” diýip dileg etdi
***
Hormat y Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň halkynyň hemde Hökümetiniň adyndan we hut öz adyndan Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewi hem-de Gazagystanyň ähli doganlyk halkyny Gazagystan Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni bilen tüýs ýürekden gutlady we hoşniýetli arzuwlaryny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz gutlagynda Garaşsyzlyk ýyllary içinde Gazagystanyň döwletliligi berkitmekde, halkyň abadançylygyny gowulandyrmakda we ýurduň halkara giňişlikdäki abraýyny belende götermekde ägirt uly üstünlikleri gazanandygyny belledi. “Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasyny köpasyrlyk dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary baglanyşdyrýar. Biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň hem-de özara düşünişmegiň ýokary derejesiniň türkmen-gazak gatnaşyklaryny iki doganlyk halkyň bähbidine yzygiderli ösdürmek we pugtalandyrmak üçin berk esas bolup hyzmat etjekdigine ynanýaryn” diýip, milli Liderimiz nygtady. Hormatly Prezidentimiz ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Gazagystan Respublikasynyň Prezidentine berk jan saglyk hem-de bagt, Gazagystanyň halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdi.
***
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň ilkinji Prezidenti — Ýelbasy Nursultan Nazarbaýewe Gazagystan Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we arzuwlaryny ýollady. “Garaşsyzlyk ýyllarynyň dowamynda ýurduňyzyň syýasy, ykdysady we durmuş ulgamynda ýeten üstünliklerini hem-de doganlyk ýurtlarymyzyň arasynda emele gelen ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýokary derejede ösdürilýändigini bellemek bizi guwandyrýar. Hoşniýetli goňşuçylyk däplerine we özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan türkmen-gazak dostlukly gatnaşyklarynyň biziň halklarymyzyň bähbidine mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynanýaryn” diýip, milli Liderimiz gutlagynda belledi. Hormatly Prezidentimiz ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Nursultan Nazarbaýewe berk jan saglyk, bagt hem-de abadançylyk, Gazagystan Respublikasynyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de gülläp ösüş we rowaçlyk arzuw etdi.
Hünärmenleriň teswirlerini okamak üçin bu sahypamyza yzygiderli gelip duruň!