Şu gün hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Türkmenistanyň baky Bitaraplygynyň 26 ýyllyk dabaralarynyň çäklerinde baýramçylyk kabul edişlik çäresi geçirildi.
“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, bu dabara Türkmenistanyň kabul ediş merkezinde geçirildi.
Çandybil şaýolunyň ugrunda ýerleşýän binada geçirilen dabara Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň ýolbaşçylary, ýurdumyzdaky daşary ýurtlaryň ilçileri, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçileri we köp sanly myhmanlar gatnaşdy.
Şeýle hem dabara Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Husraw Noziri, Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretary Bagdad Amreýew, Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary Dýusen Kaseinow, Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Teri Hakala hem gatnaşdy.
Milli Liderimiz bu dabarada eden çykyşynda BMG gatnaşyjy döwletler tarapynda bu ýylyň “Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilendigini, Türkmenistanyň hem öz gezeginde “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýyly diýlip yglan edilendigini belledi.
Her ýylyň 12-nji dekabrynyň Halkara Bitaraplyk güni hökmünde bellenýändigini bellän milli Liderimiz bu baýramçylyga bagyşlap, täze goşgy ýazandygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz dabara gatnaşyjylara “Ýaşasyn parahat durmuş” diýlip atlandyrylan goşgusyny okap berdi.
Hormatly Prezidentimiziň bu goşgusy dabara gatnaşyjylar tarapyndan dowamly el çarpyşmalar bilen kabul edildi.
Milli Liderimiz goşgusynyň okap bolandan soňra eden çykyşynda taryha ser salnanda, onda hiç haçan urşuň utan ýeriniň ýokdugyny belledi. Şonuň üçin hem milli Liderimiz elmydama bütin dünýäde parahatçylygyň, abadançylygyň we bagtyýar durmuşyň höküm sürmegini arzuw etdi.
Dabarada ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň konserti boldy, bu ýerde ýurdumyzyň sungat ussatlary aýdymdyr sazlary bilen çykyş etdiler.