Milli Liderimiz Türkiýäniň we birnäçe ýurduň döwlet Baştutanlary bilen telefon söhbetdeşligini geçirdi

2020-nji ýylyň 29-njy iýunynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 63 ýaşady. Bu Muhammet Pygamberiň ýaşydyr. Türkmen halkynyň asylly däplerine görä bu ýaşa ýetmek – belent mertebe bolup durýar. Şanly sene mynasybetli türkmen baştutanyna döwlet, hökümet we halkara guramalarynyň ýolbaşçylaryndan gutlaglar we gutlag jaňlarynyň yzy üzülenok.

Şunlukda özleriniň türkmen kärdeşlerini telefon arkaly Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew, Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sooronbaý Žeenbekow, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan, şeýle-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şafkat Mirziýoýew dagylar gutladylar. Olar berk jan saglygyny, uzak ömür we türkmen döwletiniň hem-de halkynyň bähbidine alyp barýan jogapkärli işinde uly üstünlikleri arzuw etdiler. Gutlaglaryň ählisinde Türkmenistanyň Prezidentiniň ählumumy parahatçylyk döredijilik işine, dünýä ýurtlarynyň arasynda dostlukly gatnaşyklaryň ösdürilmegine goşýan ägirt uly goşandy aýratyn bellenilip geçildi.

Hususan-da Türkiýäniň Prezidenti bolan telefon söhbetdeşliginde dostluky ýurduň baştutany milli Liderimizi 63 ýaşynyň dolmagy – yslam dünýäsinde Muhammet pygamberiň ýaşy hökmünde belent sarpa goýulýan sene bilen gutlap, berk jan saglyk, abadançylyk hem-de ýokary döwlet wezipesinde, jogapkärli we köpugurly işlerinde üstünlikler arzuw etdi.

Rejep Taýyp Ärdogan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sebitde we dünýäde Aziýanyň kuwwatly döwletleriniň biri hökmünde Türkmenistanyň abraýynyň yzygiderli belende galýandygyny hem-de berkeýändigini, üstünlikli alnyp barylýan Bitaraplyk syýasatynyň sebit durnuklylygynyň hem-de ösüşiniň, şeýle hem ählumumy parahatçylygyň bähbidine gulluk edýändigini belledi. Bellenilişi ýaly, Türkiýe türkmen Lideriniň öňe sürýän oňyn başlangyçlaryny hemişe goldaýar we doganlyk halkyň üstünliklerine tüýs ýürekden buýsanýar.

Döwlet Baştutanymyz gutlaglar üçin Türkiýe Respublikasynyň Prezidentine minnetdarlyk bildirip, oňa iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de umumy taryhy kökleri bolan, medeni däp-dessurlary we ruhy-ahlak gymmatlyklary birleşdirýän iki ýurduň we halkyň arasyndaky gatnaşyklaryň uzakmöhletleýin strategik häsiýete eýedigini we häzirki wagtda has okgunly ösdürilýändigini kanagatlanma bilen aýtdy.

 

Söhbetdeşler häzirki taryhy döwürde täze hil derejesine we many-mazmuna eýe bolan türkmen-türk gatnaşyklaryna ýokary baha berip, ozal gazanylan ylalaşyklary hasaba alyp ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Döwlet Baştutanlary söwda-ykdysady we ynsanperwer-medeni gatnaşyklaryň depginleriniň ýokarlanýandygyny aýdyp, netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek baradaky pikiri beýan etdiler.

Milli Liderimiz özara ynam hem-de birek-birege goldaw bermek ýörelgeleri esasynda halkara guramalaryň çäklerinde üstünlikli ösdürilýän gatnaşyklar barada aýdyp, öz türk kärdeşine Türkmenistanyň halkara başlangyçlaryny, esasan-da, parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek meselelerinde hemişe goldaýandygy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti özara gyzyklanma bildirýän halkara we sebit syýasatynyň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

Şeýle-de türkmen döwletiniň Baştutanyny Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko, Sankt-Peterburgyň gubernatory Aleksandr Beglow, Kawkaz musulmanlarynyň «Şeýh-Ul-Yslam» edarasynyň başlygy, GDA-nyň Dinara Geňeşiniň Bilelikde başlyklyk edijisi Allaşükür Paşazade, Yslam Ösüş Bankynyň geňeşçisi Mohammed Ali Al-Madani, Türkmen-Amerikan işewürlik geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuart, şeýle-de «Grosshadern» german klinikasynyň professory, doktor Klaus Parhower dagylar hem telefon arkaly gutladylar.

Olar Türkmenistanyň Prezidentine saglyk, bagt, maşgala abadançylygyny, şeýle-de jogapkärli döwlet işinde täze üstünlikleri we belentlikleri arzuw etdiler, şonuň ýaly-da ýer ýüzünde umumadamzat gymmatlyklarynyň ilerledilmeginde türkmen Lideriniň öňdebaryjy ornuny aýratyn nygtadylar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň we San-Marinonyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Pars aýlagy üçin bitewi syýahatçylyk wizasy döredilýär

Hytaýda internet ulanyjylarynyň sany 1,12 milliarddan geçdi

Polşada ýurduň taryhynda iň uly nebit we gaz käni açyldy

Katar 2036-njy ýylda Olimpiýa oýunlaryny kabul etmäge taýýar

Ata Watan Eserleri

Ýaponiýa ABŞ-a 550 milliard dollar maýa goýýar

Üçýyldyz 23-nji iýulda dogdy

Çatalhöýük: Müňýyllyklaryň astyndan ýüze çykarylan ene tarapyndan nesil yzarlanylýan jemgyýet

Ata Watan Eserleri

Haýyr-sahawat gaznasy ýaş nesilleriň saglygynyň berkidilmegine uly ähmiýet berýär

Türkmen türgenleri «Ýüpek ýoly – 2025» rallisinde birinjiligi eýelediler

Ata Watan Eserleri

Ýurdumyzyň Naýbaşy kubogy ugrundaky duşuşyk 26-njy sentýabrda geçiriler

Transowgan demir ýolunyň gurluşygy 5 ýyl dowam eder

“Mançester Ýunaýted” täze hüjümçisini hödürledi

Nýu-Ýork we Nýu-Jersi futbol boýunça dünýä çempionatyndan 3,3 milliard dollar girdeji alar

Ata Watan Eserleri

Hytaýyň Türkmenistandaky täze ilçisi bilen duşuşyk

EKSPO-2025: Osaka şäherinde türkmen-ýapon işewürler maslahaty geçiriler

Türkmen wekiliýeti Türki dünýäsiniň kino ýolbaşçylarynyň mejlisine gatnaşdy

Ogulbaýram Kulyýewa: Diýar gözelliginiň aýdymçysy

Ata Watan Eserleri

OGT 2025: Türkmenistanyň öňdebaryjy energetika forumyna uly gyzyklanma

Köýtendagyň kanýonlary ÝUNESKO-nyň sanawyna giriziler