Milli Liderimiz Mary welaýatyna amala aşyran iş saparynyň dowamynda bu welaýatyň çägindäki öri meýdanlary bilen tanyşdy hem-de bu ýerdäki çopan goşuna geldi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow birnäçe aýratynlyklardan durýan bitewi ekoulgamy emele getirýän Garagumuň ajaýyplyklaryna ýene-de bir gezek ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyzyň ozal hem birnäçe gezek belleýşi ýaly, türkmen topragynyň ösümlik we haýwanat dünýäsi baýdyr hem-de köpdürlüdir. Özboluşly gözelligi bolan Garagum sährasynyň ösümlik we haýwanat dünýäsi onuň aýrylmaz bölegidir. Garagumuň giňişliklerinde gözel tebigatymyzyň baýlaşmagynda bejerijilik häsiýetli ösümlikleriň köp sanlysy ösüp ýetişýär. Ösümlikler ýurdumyzyň maldarçylygynyň ösdürilmeginde hem möhüm orny eýeleýär.
Häzirki döwürde türkmen halkynyň dermanlyk ösümlikler bilen bejermek babatda köpasyrlyk däpleri giňişleýin öwrenilýär we iş ýüzünde işjeň peýdalanylýar. Döwlet Baştutanymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly düýpli ylmy-ensiklopedik işiniň diňe bir türkmen lukmanlary üçin gymmatly gollanma öwrülmän, eýsem, halkara ylmy jemgyýetçilikde hem örän uly gyzyklanma döredendigi tötänleýin däldir.
Hormatly Prezidentimiz Garagumuň ösümlik we haýwanat dünýäsiniň gaýtalanmajak hem-de özboluşly häsiýete eýedigini, sähranyň howa aýratynlyklaryny belläp, mähriban Diýarymyzyň tebigatyna aýawly garamagyň, ekologik medeniýetini ýokarlandyrmagyň zerurdygyny nygtady.
Daşky gurşawy goramak döwletimiziň we jemgyýetimiziň alyp barýan işiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Tebigy gurşaw milli mirasymyzyň möhüm bölegidir, çünki ilatyň saglygy, durmuş we ekologiýa abadançylygy özara ýakyn baglanyşyklydyr. Türkmen halky asyrlaryň dowamynda tebigat bilen sazlaşykly ýaşapdyr, ondan döredijilik ylhamyny alypdyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Dowar sürüsiniň ýanynda milli Liderimizi Ýolöten etrabynyň “Azatlyk” daýhan birleşiginiň çopany Döwran Ýazlyýew mähirli garşylady.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çopany täze ýyl bilen gutlady hem-de onuň gündelik iş-aladalary, dowarlaryň gyşladylyşy we öňde boljak owlak-guzy möwsümi bilen baglanyşykly işler, netijeli iş alyp barmak üçin döredilýän şertler bilen gyzyklandy.
Çopan Arkadag Prezidentimizi garşylamagyň özi üçin uly hormatdygyny aýdyp, milli Liderimiziň Şa gadamynyň bu ýaýlalara nur-bereket getirendigini — sähra giňişliklerine siňňin ýagyn ýagyp, meýdan ösümliklerine oňyn täsir edendigini, munuň bolsa dowarlaryň göwnejaý gyşladylmagynda aýratyn ähmiýetlidigini nygtady.
Soňra ynanyşmak ýagdaýynda geçen söhbetdeşlikde çopan hemmetaraplaýyn edýän aladalary üçin milli Liderimize ýene-de bir gezek tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Şol aladalara maldarlar yhlasly zähmet çekip, ýurdumyzda azyk bolçulygynyň döredilmegine mynasyp goşant goşmak bilen jogap berýärler.
Çopan oba adamlarynyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga, halkymyzyň abadançylygyna gönükdirilen tagallalar üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, netijeli işlemek, döwrebap ýaşamak we oňaýly dynç almak üçin çopanlara hemme zerur şertleriň döredilýändigini belledi.
Çopanyň aýdyşy ýaly, süriniň önüminiň 50 göterimi özüne berilýär, şunlukda, döwlet derejesinde döredilýän şertler bagtyýar we abadan durmuşy üpjün etmäge gönükdirilendir. Mundan başga-da, onuň hojalygynda iri şahly mallar saklanýar, çagalar ekerançylyk bilen meşgullanýarlar, umuman, eşretli durmuşyň hözirini görüp ýaşaýarys diýip, çopan gürrüň berdi hem-de döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdy.
Türkmen halkynyň bu pudagyň ösdürilmegi bilen baglanyşykly köpasyrlyk däpleri bar. Maldarçylygyň pugtalandyrylmagy, onuň mümkinçilikleriniň artdyrylmagy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ýaýbaňlandyrylan ýurdumyzyň oba hojalyk toplumyny düýpli özgertmek strategiýasynyň esasy ugry bolup durýar. Şunda onuň köpugurly esasda ösdürilmegine, ylmy çemeleşmelere, hojalygy ýöretmegiň täzeçil usullarynyň, döwrebap tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna aýratyn üns berilýär. Ýurdumyzda oba hojalyk önümlerini öndürijilere hemmetaraplaýyn goldaw berilýär. Soňky ýyllarda welaýatlarda iri maldarçylyk we guşçulyk toplumlary guruldy hem-de gurulýar, bu ugurda alnyp barylýan işler dowam edýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hemişe belleýşi ýaly, döwletimiz mundan beýläk-de maldarçylyk pudagynyň ösdürilmegine we onuň ýurdumyzda azyk bolçulygynyň üpjün edilmegine, içerki bazaryň ýokary hilli, dürli görnüşli et-süýt önümleri bilen doldurylmagyna mynasyp goşant goşýan zähmetkeşlerine hemmetaraplaýyn goldaw berer.
Çopana döwlet Baştutanymyzyň adyndan sowgat gowşuryldy.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çopana işinde üstünlik, maşgala abadançylygyny arzuw edip, bu ýerden dikuçarda Mary şäherine tarap ugur aldy.