Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Mary welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Milli Liderimiz bu saparynyň barşynda tebigy gazyň ägirt uly gorlaryna eýe bolan iri “Galkynyş” gaz känine baryp gördi.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň dikuçary iri “Galkynyş” gaz käniniň ýanyndaky meýdança gondy. Döwlet Baştutanymyz bu ýerde alnyp barylýan işler bilen tanyşmagyň dowamynda edara binasyna bardy. Onuň ikinji gatynda bu sebitde hünärmenleriň hasaplamalaryna görä ýüze çykarylan, ägirt uly gorlara eýe bolan tebigy känler, olary özleşdirmegiň ugurlary barada giňişleýin maglumat berýän çyzgylar, birnäçe taslamalaryň görnüşleri goýlupdyr.
“Türkmengaz” döwlet konserniniň tebigy gaz ylmy-barlag institutynyň direktory uglewodorod serişdeleriniň baý gorlaryny öwrenmek, onuň gaýtadan işlenilýän möçberlerini artdyrmak boýunça häzirki zaman ylmynyň ösen tejribelerini özleşdirmek ugrunda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Aýratyn-da, bu ugurda hünärmenleri taýýarlamak, olaryň ylmy-barlag işleriniň döwrüň talabyna laýyk gelmegini ýola goýmak meseleleri barada habar berildi.
Soňra “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň ýolbaşçysy ýurdumyzyň dürli künjeklerinde alnyp barylýan geologiýa-gözleg işleri, bu ugurda ulanylýan ylmy tejribeleriň aýratynlyklary barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, uglewodorod serişdelerine baý känleri ýüze çykarmak işi ylmy çemeleşmäni talap edýär.
“Türkmengaz” döwlet konserniniň ýolbaşçysy pudagy ösdürmäge gönükdirilýän maýa goýum serişdeleri, ony netijeli özleşdirmek ugrunda amala aşyrylýan toplumlaýyn işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak hem-de iberilýän ugurlaryny köpeltmek meselelerine möhüm ähmiýet berilýär.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Ş.Abdrahmanow häzirki döwürde bu ulgamda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, toplumyň eksport mümkinçiliklerini artdyrmak, şeýle hem täze nebitgaz guýularyny burawlamak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu baradaky gürrüňi dowam edip, geljegi uly hasaplanylýan “Günorta Mary” meýdançasyna ünsi çekdi. Şeýlelikde, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde bolşy ýaly, bu sebitde gaz guýularynyň buraw işlerine täzeçil usullar arkaly çemeleşilmelidir. Munuň özi tebigy gazyň gorlarynyň netijeli ulanylmagynyň baş şerti bolup durýar.
Şunuň bilen baglylykda, “Ýaşlar” we “Garaköl” ýataklary bilen bilelikde umumy gorlary 27,4 trillion kub metr hasaplanan “Galkynyş” gaz känini tapgyrlaýyn esasda, uzak geljegi nazarlaýan anyk taslamalar arkaly özleşdirýäris diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Şol bir wagtyň özünde ýurdumyzyň beýleki gaz känleri hem düýpli özleşdirilýär.
Bu baýlyklary türkmen halkynyň we dünýäniň halklarynyň bähbidine netijeli ulanmak üçin biz köp işleri amala aşyrýarys diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz geologiýa-gözleg we buraw işlerini işjeň alyp barmagyň, täze nebitgaz känlerini senagat taýdan özleşdirmegi güýçli depginlerde dowam etmegiň zerurdygyna ünsi çekip, öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmekde hemmelere üstünlik arzuw etdi we bu ýerden ugrady.
“Türkmenhowaýollary†agentligi üçin anyk görkezmeler berildi