DÜNÝÄ

Milli Liderimiz azerbaýjanly kärdeşini doglan güni bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewi 60 ýaşynyň dolmagy bilen gutlady. Milli Liderimiziň Azerbaýjanyň Prezidentine iberen Gutlag haty bu ýurduň resmi habarlar gullugynda çap edildi.

Azerbaýjanyň Prezidentini 60 ýubileý ýaşynyň dolmagy bilen gutlan hormatly Prezidentimiziň Gutlag hatynda hususan-da şeýle diýilýär.

– Häzirki wagtda Azerbaýjanyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynyň ähli ugurlarynda gazanylan uly üstünlikler, ýurduň ykdysady ösüşinde möhüm üstünlikler, dünýä arenasynda abraýyň güýçlenmegi Siziň adyňyz bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.

Siz öz durmuşyňyzy ýurduňyzyň bähbitlerini goramaga, umumymilli maksatlary we maksatnamalary ýerine ýetirmäge bagyşladyňyz. Halk üçin bu yhlasly hyzmat ýokary öwgä mynasyp.

Siziň biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky strategik we goňşuçylyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegi, biziň halklarymyzyň dostlugynyň we doganlygynyň pugtalandyrylmagy işlerine berýän hemmetaraplaýyn goldawyňyzy we ünsüňizi aýratyn bellemek bolar.

Şu ajaýyp mümkinçilikden peýdalanyp, hormatly Ilham Geýdar ogly, Size berk jan saglyk, bagt we maşgala abadançylygyny, Siziň ýurduňyzyň doganlyk halkyna bolsa, parahatçylyk, mundan beýläk-de üstünlik we gülläp ösüş arzuw edýärin.

Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewi 60 ýaşynyň dolmagy bilen köp sanly ýurduň Prezidentleri we hökümet Baştutanlary öz gutlag hatlaryny ýollapdyr.

 

Pekin-2022: 3-nji doza sanjym

 

Ýene-de okaň

ÝB-Türkmenistan: birinji işewürler forumy geçiriler

Metbugat duşuşygy: «Aşgabat – Tbilisi: pikirleriň we täze mümkinçilikleriň arasyndaky janly köpri»

Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygy boýunça brifing geçirildi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ykjam goşundysy işe girizildi

Baş Sekretar Türkmenistanyň hemişelik wekiliniň ynanç hatyny kabul etdi

TÜRKSOÝ-yň binasynda türkmen kinosynyň 100 ýyllygy bellendi