DÜNÝÄ

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň mejlisi dowam edýär

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisi geçirilýär.

Şu gün sagat 12:00-däki  “Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, onuň işine Hökümetiň agzalary, Mejlisiň deputatlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň häkimleri, welaýat, etrap hem-de şäher Halk Maslahatlarynyň agzalary gatnaşýar.

Hormatly Prezidentimiz Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisini açyk diýip, yglan etdi we Türkmenistanyň Milli senasy ýaňlandy.

Soňra milli Liderimiz Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisinde ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň geçirilýändigini belledi. Onda geçen 2021-nji ýylda ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli ugurlarynda amala aşyrylan işleriň netijelerine seredilýär we şolar boýunça edilen işlere baha berilýär.

Mundan başga-da, 2022-nji ýylda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlary kesgitlener.

“Watan” habarlar gepleşiginiň indiki goýberilişinda Halk Maslahatynyň mejlisi boýunça maglumatlaryň beriljekdigi bellenildi.

 

Aşgabadyň merkezinde işewür duşuşyklary üçin merkez dörediler

Ýene-de okaň

Si Szinpin «Mançester Ýunaýted» toparynyň janköýeri çykdy

“Bagy-bossan Watanym!” atly döredijilik bäsleşigi yglan edildi

“Öýde ýeke özi”: Kewiniň ejesi aradan çykdy

Suw hojalyk meseleleri boýunça bilelikdäki türkmen-özbek hökümetara toparynyň bäşinji mejlisi geçirildi

«Turkic World» atly halkara habarlar internet portaly 2026-njy ýylda geçiriljek çäreleriň maglumat taýdan şöhlelendirilmegini amala aşyrar

Türkmenistan Halkara hukugyň ýylyny geçirmäge taýýarlyk görýär