PEÝDALY MASLAHAT

Migrasiýa boýunça halkara maslahat : COVID-19

Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň “Merkezi Aziýada we Russiýa Federasiýasynda migrantlaryň we jemgyýetleriň durmuş-ykdysady ýagdaýyna COVID-19 pandemiýasynyň täsirini peseltmek” atly taslamasynyň çäklerinde sebitleýin maslahaty geçirildi. 2020-nji ýylyň 17-nji noýabrynda Göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen maslahata Migrasiýa boýunça Halkara guramasynyň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin utgaşdyryjysy, Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň şeýle hem Russiýa Federasiýasynyň degişli döwlet edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň we degişli gulluklarynyň wekilleri gatnaşdylar. Ýurdumyzyň degişli döwlet edaralary bilen birlikde, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň wekilleri hem wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen maslahata gatnaşdylar diýlip Türkmenistanyň Döwlet Migrasiýa Gullugynyň web saýtynda aýdylýar.

Maslahatyň barşynda, oňa gatnaşyjylar häzirki wagtda global wehime öwrülen COVID-19 pandemiýasyna garşy göreşde halkara hyzmatdaşlygynyň we bilelikdäki tagallalaryň ähmiýetine mynasyp baha berdiler. Bu ugurdaky milli we sebit derejesindäki işleriň bilelikde utgaşdyrylmagy pandemiýanyň ýaýramagynyň öňüni almakda we oňa garşy göreşde esasy wezipeleriň hatarynda durýar.

Sanly wideoaragatnaşyk arkaly maslahatyň dowamynda, wekiliýetler Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň migrantlaryň we jemgyýetleriň durmuş-ykdysady ýagdaýyna pandemiýanyň täsirini peseltmek boýunça sebitleýin taslamasy bilen giňden tanyşdyryldy. Taslamanyň çäklerinde meýilleşdirilen çäreleri sebit we milli derejede durmuşa geçirmekligiň mümkinçilikleri we bu barada taraplaryň özara garaýyşlaryny we pikirlerini öwrenmek maslahatyň gün tertibiniň esasyny düzdi.

Maslahatyň ahyrynda, taraplar özara we abraýly halkara guramalarynyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Internete birikmezden (offline ) habarlary okamak: Saýlamak mümkinçiligi

Applikasiýamyz offline işleýär we Siz internete birikmedik wagtyňyz hem Ata Watan habarlaryny okap bilersiňiz! Şeýle hem  islän habaryňyz boýunça Size hususy bildiriş gelmegini sazlap bilersiňiz!  Siz “sada görnüşi” saýlap WIFI ulgamyna birikmedik wagtyňyz mobil internetiňizi tygşytlap bilersiňiz! Ine biziň täze applikasiýamyzyň esasy aýratynlyklarynyň käbirleri!

Applikasiýamyzy indirip alyň

Siz “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň  www.atavatan-turkmenistan.com    saýtynyň  täzelenen applikasiýasyny  öz mobil telefonyňyza indirip almak isleseňiz şu ýere basyň!  Applikasiýany ýüklemek üçin şeýle hem  Google Play-dan “Atavatan Turkmenistan” ýazyp gözleg edip bilersiňiz!  Aşakdaky suratyň üstüne basmak bilen Applikasiýany ýüklemek mümkin! Applikasiýamyzy indiriň we aşakda sanaýan aýratynlyklarymyzy halajakdyňyza ynanýarys!

Söhbetdeşliklerimiz:

Ogulgerek Durdyýewa: Tutanýerliklikde Ýeten Maksadym…

Bahar Annaýewa: Aýdym-saz durmuşymyň bir bölegi

 

Gülälek Gulmyradowa: Käbäm bilen bile ýörän ýollarym!

Halk aýdymlary bilen adygan bagşy: Läle Begnazarowa

Meşhur sungat işgärleri Ata Watan Türkmenistanda myhmançylykda

 

Ýene-de okaň

Arkadag şäherinde guruljak binalar boýunça bäsleşik

DW (Grin Kard): resminamalar kabul edişlik başlady

«Daýhanbank» banky: «Talyp karzy» bank karzyny hödürleýär

Sürüjilik kurslaryna e.gov.tm ýazylmak mümkinçiligi

Aşgabatda awtobus sürüjileri işe çagyrylýar

Döwlet migrasiýa gullugynyň Daşoguz müdirliginiň binasyny üçin bäsleşik