DÜNÝÄ

Migrasiýa boýunça halkara maslahat

Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň “Merkezi Aziýa döwletlerinde 2020-2021-nji ýyllarda ýolagçylar barada deslapky maglumat alyş ulgamyny ornaşdyrmak” atly sebitleýin taslamasynyň çäklerinde iş maslahaty geçirildi. Oňa Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Gazagystanyň, Täjigistanyň we Gyrgyzystanyň migrasiýa we serhet edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar. Wideomaslahat görnüşinde geçirilen iş maslahatyna türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahatyň barşynda Halkara migrasiýa guramasynyň wekili öz çykyşynda, guramanyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesi barada nygtap, 2020-2021-nji ýyllar üçin ýerine ýetirilmegi meýilleşdirilen taslamalaryň, şol sanda ýolagçylar barada deslapky maglumatlary alyşmak boýunça sebitleýin taslamany durmuşa geçirmegiň möhüm ähmiýete eýedigini belledi.

Taraplar häzirki ýagdaýlar bilen baglylykda halkara giňişliginde özara gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýedigini nygtap, ulag  ulgamynda öňde durýan wajyp wezipeleri çözmek maksady bilen hereketleri utgaşdyrmagyň hem-de adatdan daşary ýagdaýlara seslenmegiň we bu babatda bilelikdäki tagallalaryň zerurdygyny bellediler. Taraplaryň belleýşi ýaly, Merkezi Aziýa sebiti, ulag-üstaşyr geçelgeleriniň dünýä ähmiýetli möhüm merkezi bolmak bilen, sebitiň we yklymyň durnukly ösüşinde wajyp orny eýeleýär. Şunuň bilen baglylykda, ulag ulgamynda, özara tejribeleri öwrenmek we bu ugurda häzirkizaman usullaryny ornaşdyrmak möhüm ähmiýete eýe bolup durýar.

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Gazagystan aragatnaşyk ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirer

Türkmenistanyň ilçisi Ýaponiýada çagalar festiwalyna gatnaşdy

Türkmenistan «Green EXPO 2027 Yokohama» halkara sergisine gatnaşmagy meýilleşdirýär

Türkmenistan “Merkezi Aziýa-Italiýa-Azerbaýjan” oba hojalyk forumyna gatnaşdy

Türkmenistan-Özbegistan: obasenagat toplumynda hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

Aşgabat bilen Daşkendiň arasyndaky hyzmatdaşlyk işjeňleşdiriler

Ata Watan Eserleri