“Facebook” -yň täze wirtual hakykat kompaniýasy “Meta”, işgärleriň uzakdan işläp bilýän gurşawyny üpjün etmegi maksat edinýär. Bu köp kompaniýalara, esasanam Ýewropada basyş eder diýlip çaklanylýar.
Ýewropadaky amallaryny giňeldip, “Facebook” -yň täze wirtual hakykat kompaniýasy “Meta” öz işgärleri üçin uzakdaky iş ulgamyny durmuşa geçirer. Kompaniýa ýakyn ýyllarda wirtual hakykata gönükdirilen “Metaverse” döredijiligini goldamak üçin hakyna tutulan adamlaryň Germaniýa, Fransiýa we Ispaniýa ýaly Ýewropanyň sekiz ýurdunda öýünde işläp biljekdigini habar berdi. Uzakdan işlemek ulgamyna bil baglaýan kompaniýanyň maksatlarynyň ýene biri, “IT” pudagynyň adaty berkitmeleri bolan Angliýa we Irlandiýa gatnaşmagynda zehinler toplumyny giňeltmekdir.
“Meta”-nyň işe almak strategiýasy, tejribeli zehinleriň sanynyň azalmagyna göz aýlamak, gibrid we uzakdaky iş syýasatlaryny çaltlaşdyrmak nukdaýnazaryndan Ýewropa kompaniýalaryna edilýän basyşy artdyrar diýlip garaşylýar. Geçirilen gözlegler, pandemiýadan soň işgärleriň çeýe iş meýilnamalaryny has köp goldaýandygyny görkezýär.Uzakdan işlemegiň tarapdary Iwo Szapar: “Zehinleri çekmek işiň bir tarapy. Ýöne başga bir tarapy talanty saklamak ukyby” diýýär, täze işçi güýji gözlän mahaly “Facebook” bu ulgamy bar bolan işgärlerine ulanýar. “Meta” kompaniýasy ýakyn bäş ýylda “Metaverse” taslamasy üçin Ýewropadan azyndan 10,000 täze işgäri işe almagy meýilleşdirýär. Bu sanlar Ýewropanyň uly tehnologiýa işçi güýjünde köpeler. Tehnologiýa işgärlerine bolan isleg soňky ýyllarda üpjünçilikden has ýokarydy.Germaniýadaky “BITKOM” maglumat tehnologiýa institutynyň maglumatlaryna görä, 2021-nji ýylyň ahyryna çenli programma üpjünçiligi inženerleri, önüm dolandyryjylary we “IT” dolandyryjylary ýaly wezipeleri öz içine alýan 96 müň tehnologiýa işi açyk galdy. Bu edara şu ýyl hem iş üpjünçiliginiň boşlugynyň artmagyna garaşýar. “Greenhouse” işe alyş platformasynyň esaslandyryjysy we prezidenti Jon Stross: “Köp adamlar öýde-de ökde öndürijidigini subut etdiler. Uzakdan işlemegi teklip edýän kompaniýalar gaty köp” -diýdi.
Başga bir tarapdan, täze iş ýerlerinde uzakdan işlemek baradaky wadalar köpelse-de, olar çäklidir. Köplenç tehnologiýa we hünär hyzmatlary firmalary bilen işleýän “Greenhouse”, platformadaky ýazgylaryň 5 göteriminiň uzakdan işlemäge mümkinçilik berýändigini aýtdy. Bu pandemiýadan öň 1,5 göterim bilen deňeşdirilende has köp.
Öýden işlemegiň ýaýramagy bilen, iş ulgamlarynda garyşyk syýasatlary ösdürmek hem kompaniýalaryň üns merkezine öwrüldi. Käbir kompaniýalar daşary ýurtlardan uzakdan işlemek mümkinçiligini hem döretdiler. Bu mesele boýunça seminarlar gurnaýan uzakdaky iş platformasy Szapar, ofisiň daşynda işlemek programma üpjünçiligi inženerleri ýaly köp gözlenýän tehnologiýa işgärlerine ýüzlenýär diýýär.“Metan”-yň metbugat sekretary Kousins: “Eger wezipäňiz bar bolsa we başga bir ýerde iş edip bilseňiz, uzakdan işlemegi makul bilip bilersiňiz. Belki Irlandiýada işlediňiz we Ispaniýada ýa-da Germaniýada bolmak isleýärsiňiz. Şonuň üçin bu bolup biljek bir mümkinçilik” diýýär.
THY:Stambul-Türkmenbaşy-Stambul ugry boýunça ýörite gatnaw