SPORT

Mesut Özil “Fenerbahçe” toparyna geçdi

Germaniýanyň türk asylly futbolçysy Mesut Özil Angliýanyň “Arsenal” topary bilen şertnamasyny ýatyryp, Türkiýäniň “Fenerbahçe” toparyna geçdi. Bu barada türk metbugat gulluklary habar berdi.

Indi birnäçe günden bäri bu transfer barada gürrüň edilýärdi. “Fenerbahçe” futbol toparynyň ýolbaşçylary hem transferiň amala aşyrylmagyna has ýakyndyklaryny belläp geçipdi.

“Fenerbahçe” futbol topary Mesut bilen gepleşikleriň geçirilýändigini birža mälim etdi. Mesut Özil täze topary bilen 3,5 ýyllyk şertnama baglaşdy.

GERMANIÝA, ISPANIÝA WE ANGLIÝADA FUTBOL OÝNADY

Mesut Özil iň güýçli topary hasaplanýan “Real Madrid” toparynda hem oýnap, soňra Angliýanyň “Arsenal” toparyna geçipdi. Ol futbol karýerasyna Germaniýada başlapdy.

1988-nji ýylyň 15-nji oktýabrynda Germaniýanyň Gelsinkirşen şäherinde dünýä inen futbolçy Mesut Özil 2009-njy ýyldan başlap, Germaniýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde oýnap başlapdy.

Ol ilkinji futbol durmuşyna “Şalke” toparynda başlapdy. Soňra Germaniýanyň “Werder Bremen” toparyna geçip, 2010-njy ýylda “Real Madrid” toparynyň düzümine alyndy. 2013-nji ýylda “Arsenal” toparyna 42,5 million dollara geçipdi.

 

Telekeçilik Sahypamyz

Telekeçilik bilen meşgullanmak isleýän ýaşlaryň we telekeçileriň söýgüli sahypasy-Telekeçilik Sahypasy!

Ýene-de okaň

Futbol boýunça dünýä çempionaty: ähli gatnaşyjylar belli boldy

Türkiýä 24 ýyldan soňra dünýä çempionatyna gatnaşar

Ata Watan Eserleri

44 gün tälimçilik etdi

Türkiýäniň ýygyndysyna dünýä çempionatyna bir ädim galdy

Ata Watan Eserleri

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi