Şu gün we häzir dowam edýän Argentina bilen Saud Arabystanyň arasyndaky duşuşygyň 10-njy minutynda 11 metrlik jerime urgusy arkaly tapawutlanan Lionel Messi täze rekordyň eýesi boldy.
Katardaky dünýä çempionatynda Argentinanyň ilkinji duşuşygynda tapawutlanan Messi 4 sany dünýä çempionatynda tapawutlanan argentin futbolçysy boldy. Ol bu babatda Diego Maradonadan (1982, 1986, 1994) we Gabriel Batistutadan (1994, 1998, 2002) öňe saýlandy.
Şeýlelikde Messi 2006-njy, 2014-nji, 2018-nji we 2022-nji ýyllardaky dünýä çempionatynda tapawutlanan ilkinji argentin futbolçy boldy.
Messi 4 sany dünýä çempionatynda tapawutlanmagy başaran dünýä derejesindäki 5-nji futbolçydyr.
Şeýle hem Messi 5 gezek dünýä çempionatynda çykyş edýär. Ol bu babatda Meksikanyň futbolçysy Rafael Markes we Antonio Karbahal, Germaniýanyň futbolçysy Lotar Matteus hem-de Italiýanyň derwezebany Janluidži Buffonyň rekordyny gaýtalady.
Argentina bilen Saud Arabystanyň arasyndaky duşuşykda Argentinanyň 3 goly hasaba alynmady.