SPORT

Messiden soňra Ronaldonyň ykbaly nähili bolar?

Lionel Messiden soňra dünýäniň ýene-de bir güýçli futbolçysy Kristiano Ronaldonyň ykbaly nähili bolarka? Häzirki wagtda metbugat serişdelerindäki habara görä, Ronaldonyň “Mançester Siti” toparyna geçmegine garaşylýar.

Messini almadyk “Mançester Siti” topary Ronaldo bilen şertnamaga baglaşmaga taýýarlanýar. Ronaldonyň wekili Žorže Mendeş bu topar bilen gepleşikler geçirýär.

Ronaldo özüniň häzirki çykyş edýän “Ýuwentus” toparynyň ýolbaşçylaryna gitjekdigini duýduryp, toparyň bazasyndaky şkafyndan zatlaryny alandygy aýdylýar.

36 ýaşly hüjümçi üçin azyndan 25 million ýewro talap edilýär. “Ýuwentus” toparyny Ronaldony mugt goýbermek islänok.

ronaldo täze topary bilen 2023-nji ýyla çenli şertnama baglaşyp, Onuň bir möwsümdäki zähmet haky 20 million ýewro deň bolar.

Ronaldo geçen möwsüm “Ýuwentus” toparynyň düzüminde 44 duşuşykda oýnap, 36 gol geçirdi.

 

27-nji awgustda ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Ýene-de okaň

Futbol boýunça dünýä çempionaty: ähli gatnaşyjylar belli boldy

Türkiýä 24 ýyldan soňra dünýä çempionatyna gatnaşar

Ata Watan Eserleri

44 gün tälimçilik etdi

Türkiýäniň ýygyndysyna dünýä çempionatyna bir ädim galdy

Ata Watan Eserleri

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi