SPORT

Messi ýoldaşlyk duşuşygynda “Barselona” gol geçirdi

Amerikanyň “Inter Maýami” toparynyň argentinaly futbolçysy Lionel Messi Ekwadoryň “Barselona” toparyna garşy geçirilen ýoldaşlyk duşuşygynda gol urmagy başardy. Oýun Ekwadoryň Guaýakil şäherinde geçirildi.

Messi 31-nji minutda hasaby açdy. Duşuşyk 2:2 hasabynda tamamlandy, “Barselona” 87-nji minutda uran goly bilen ýeňlişden halas boldy.

Messi öz karýerasynyň köp bölegini Ispaniýanyň “Barselona” toparynda geçirdi. Soňra ol Fransiýanyň “Pari Sen-Žermen” toparyna geçdi, 2023-nji ýylyň tomsundan bäri bolsa “Inter Maýami” toparynda çykyş edýär. Futbolçy “Altyn top” (Ballon d’Or) baýragynyň sekiz gezek eýesidir. Messi Argentina ýygyndysy bilen dünýä çempionatyny (2022), Finalissimany (2022) we Amerika kubogyny (2021, 2024) gazandy.

Ýene-de okaň

Futbol boýunça dünýä çempionaty: ähli gatnaşyjylar belli boldy

Türkiýä 24 ýyldan soňra dünýä çempionatyna gatnaşar

Ata Watan Eserleri

44 gün tälimçilik etdi

Türkiýäniň ýygyndysyna dünýä çempionatyna bir ädim galdy

Ata Watan Eserleri

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi