SPORT

Messi ýene-de bir kubogyny gazandy

Fransiýanyň “PSŽ” topary özüniň nobatdaky kubogyny, onuň düzüminçe çykyş edýän meşhur argentinaly futbolçy Lionel Messi bolsa, karýerasyndaky 41-nji kubogyny gazandy.

Ysraýylyň paýtagty Tel-Awiw şäherinde geçirilen Fransiýanyň Superkubogy ugrundaky ýaryşynda “PSŽ” topary bilen “Nant” topary duşuşdy.

Fransiýanyň çempiony “PSŽ” topary garşydaşyny 4:0 hasabynda utup, 11-nji gezek Fransiýanyň Superkubogyny gazandy. “PSŽ” topary bu arzyly kubogy gazanmakdan rekord goýdy. Onuň çempionatdaky esasy bäsdeşlerinden “Lion” topary 8 gezek bu kubogy gazandy.

MESSI 41-NJI KUBOGYNY GAZANDY

“PSŽ” toparynyň düzüminde çykyş edýän Lionel Messi Fransiýanyň Superkubogynyň ýeňijisi bolmak bilen gazanan kuboklarynyň sanyny 41-e ýetirdi.

Ol “Barselona” toparynyň düzüminde 10 gezek Ispaniýanyň çempiony bolup, 4 gezek Çempionlar ligasynyň, 8 gezek Ispaniýanyň Superkubogynyň, 7 gezek Ispaniýanyň Kubogynyň, 3 gezek klublar boýunça dünýä çempionatynyň kubogyny we Ýewropanyň Superkubogyny gazandy.

Messi “PSŽ” bilen Fransiýanyň çempiony we Superkubogyň eýesi boldy. Şeýle hem Messi Argentinanyň milli ýygyndysy bilen Amerikanyň Kubogyny, Olimpiýa oýunlarynyň kubogyny we Finalissimanyň kubogyny gazandy we ýaşlaryň arasyndaky dünýä çempiony boldy.

Häzirki wagtda iň köp kubok gazanan futbolçy Dani Alwes bolup durýar. Onuň kuboklarynyň sany 46-a deňdir.

Ýene-de okaň

Türkmen boksçysy Döwlet Islamow Aziýa çempionatynda bürünç medal gazandy

AFK-nyň futbol boýunça dolandyryş okuwyna badalga berildi

Rumyniýaly meşhur tälimçis Mirça Luçesku aradan çykdy

Geçen ýylyň çempiony “Arkadag” täze möwsüme uly hasaply ýeňiş bilen başlady

Ankarada 2026-njy ýylyň şygryna we Bütindünýä saglyk günine bagyşlanan futbol bäsleşigi geçirildi

Aziýanyň boks çempionaty:türkmenistanly Döwlet Yslamow ýarym finala çykdy