SPORT

Messi Ronaldonyň rekordyny täzeledi

Argentinanyň milli ýygyndysy bilen çempion bolan Lionel Messi ýaşyl meýdançadaky esasy bäsdeşi Kristiano Ronaldonyň rekordyny täzeledi.

Häzirki wagtda Fransiýanyň “PSŽ” toparynyň düzüminde çykyş edýän Lionel Messi “Liga 1” çempionatynyň çäklerinde “Monpelýe” topary bilen geçirilen duşuşykda tapawutlanyp, 697-nji goluny geçirdi.

Şeýlelikde, Messi Ýewropanyň öňdebaryjy 5 ligasynyň ähli ýaryşlarynda geçirlen gollarynyň sany boýunça Ronaldodan öňe saýlandy. Messi “Barselona” toparynda oýnan döwründe 672, “PSŽ” toparynda 25 gezek tapawutlandy. Bu üstünlige ýetmek üçin argentin futbolçysyna 835 duşuşyk gerek boldy.

Ronaldonyň gollarynyň sany bolsa, 696-a deňdir. Ol 919 duşuşyk oýnap, “Mançester Ýunaýted” toparynda 145, “Real Madrid” toparynda 450, “Ýuwentus” toparynda 101 gol geçirdi.

Şu ýerde ýene-de bir zady belläp geçsek, Ronaldo “Sporting” toparynyň düzüminde hem 5 gol geçiripdi. Ýöne Portugaliýanyň ligasy Ýewropanyň öňdebayrjy 5 ligasynyň hataryna girmeýär.

Ýöne, muňa garamazdan, Ronaldo Ýewropanyň öňdebaryjy ýaryşlarynda Messiden öňdedir. Ronaldonyň bu ýaryşlardaky goly 495 bolsa, Messiniňki 489-a deňdir.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň futbol çempionaty başlaýar

Ata Watan Eserleri

Türkmen türgenleri 3 aýda 123 medal gazandy

Futbol boýunça dünýä çempionaty: ähli gatnaşyjylar belli boldy

Türkiýä 24 ýyldan soňra dünýä çempionatyna gatnaşar

Ata Watan Eserleri

44 gün tälimçilik etdi

Türkiýäniň ýygyndysyna dünýä çempionatyna bir ädim galdy

Ata Watan Eserleri