SPORT

Messi rekorda doýanok

Katarda geçirilýän futbol boýunça dünýä çempionatynda Argentina ilen Fransiýanyň arasyndaky final duşuşygy dowam edýär. Duşuşygyň bir ýarymy boýunça Argentina 2:0 hasabynda öňe barýar.

Bu duşuşykda tapawutlanan Lionel Messi dünýä çempionatynda 6 gol geçirip, iň köp gol geçiren futbolçy bolup dur.

Ýöne Messi başga rekordlaryň eýesi boldy. Messi bu duşuşykda ýaşyl meýdança çykyp, 26-njy duşuşygyny geçirýär. Ol bu ugurda Lotar Matteusyň 25 duşuşyklyk rekordyny täzeledi.

Şeýle hem Messi bu duşuşygyň birinji ýarymynda oýnap, dünýä çempionatynda iň uzak wagt meýdançada bolan, ýagny 2217 minut futbol oýnan Paolo Maldiniden öňe geçdi. Messiniň görkezijisi 2239minuta deňdir.

Messi dünýä çempionatynda 18-nji gezek toparynyň kapitany hökmünde meýdança çykar. Ol bu ugurda hem rekordyň eýesidir.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň futbol çempionaty başlaýar

Ata Watan Eserleri

Türkmen türgenleri 3 aýda 123 medal gazandy

Futbol boýunça dünýä çempionaty: ähli gatnaşyjylar belli boldy

Türkiýä 24 ýyldan soňra dünýä çempionatyna gatnaşar

Ata Watan Eserleri

44 gün tälimçilik etdi

Türkiýäniň ýygyndysyna dünýä çempionatyna bir ädim galdy

Ata Watan Eserleri