SPORT

Messi koronawirusdan gutuldy

Bedeninde koronawirus keseliniň alamatlary anyklanan, şol sebäpli hem soňky günlerde Argentinada galmaly bolan Messi Pariž şäherine gaýdyp geldi.

Şu möwsümiň başynda PSŽ-ä geçen, ýöne heniz-ä toparyň janköýerlerini ozalky täsin oýunlary bilen haýran galdyryp bilmeýän Lionel Messiniň soňky barlaglary onda keseliň alamatlarynyň ýokdugyny, doly gutulandygyny görkezdi.

Şol sebäpli Messi dogduk ülkesinden Pariž şäherine gaýdyp geldi. Toparyň tälimçileri we lukmanlary ony «Lýon» bilen boljak oýna ýetişdirmek isleýärler.

Ertir toparyň geçirjek türgenleşiklerine goşulmagyna garaşylýan Messi, aslynda, PSŽ-niň karantin gözegçiligindäki ýeke-täk futbolçysy däldir.

Messiden başga-da, şu möwsümiň başynda «Milandan» gelen derwezeçi Janluji Donnarumma hem bu kesele ýolukdy. Şonuň üçin hem PSŽ-niň «Lýon» bilen geçirjek duşuşygynda derwezäni Kosta-Rikaly derwezeçi Keýlor Nawasyň goramagyna garaşylýar.

Şu möwsümde «Liga 1»-de geçiren 11 duşuşygynda bary-ýogy bir gezek tapawutlanan Messi karýerasynyň iň «sessiz» möwsümleriniň birini başdan geçirýär. Ol çempionatda bir goldan daşary 4 goluň ýardam pasyny berdi.

Ýöne Messi her ýyl bolşy ýaly, şu ýyl UEFA-nyň Çempionlar ligasynda özüni görkezýär. Ol yklym ýaryşynyň toparçalaýyn duşuşyklarynda 5 gezek tapawutlandy. Ýöne 34 ýaşly ýyldyzyň goraga kömege gelmezligi fransuz metbugatynda tankyda sebäp boldy.

Messiniň işleri Argentinanyň milli ýygyndysynda ugruna. Ol ýygyndynyň Dünýä kubogyna gatnaşmak hukugyna eýe bolmagynda uly paýa eýedir. Messi Dünýä kubogynyň Günorta Amerika boýunça saýlama tapgyryndaky 14 duşuşykda 6 gezek tapawutlandy.

Argentinanyň milli ýygyndysy bilen bir gezek Dünýä kubogynyň finalyna çenli baryp bilen Messi bu kubogyň eýesi bolup görenok. 

 

Owganystan Yslam Emirliginden Türkmenistana minnetdarlyk haty

Ýene-de okaň

Meşhur rus küştçisi Sergeý Karýakiniň Türkmenistanda küşt kluby açylar

Ata Watan Eserleri

Läle Şöhradowa Türkmenistanyň çempionatynyň ýeňijisi boldy

Ýaş eminler üçin okuw-maslahatyna badalga berildi

Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynyň bijesi: “Real” topary “Mançester Siti” bilen duşuşar

FIFA Dünýä Kubogy 2026: ABŞ wizasyny almaly tomaşaçylar üçin FIFA PASS işe girizildi

Ronaldo Ispaniýanyň “Almeriýa” futbol klubynyň paýnamalaryny satyn aldy

Ata Watan Eserleri