SPORT

Messi karýerasyndaky 800-nji goluny geçirdi

Geçen ýylyň ahyrynda Katarda geçirilen futbol boýunça dünýä çempionatynda çempion olan Argentinanyň milli ýygyndysynyň ýyldyzy Lionel Messi futbol karýerasyndaky 800-nji goluny geçirdi.

Argentinanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Messi Panama bilen geçirilen ýoldaşlyk duşuşygynda tapawutlanmagy başardy. Şeýlelikde, ol geçiren gollarynyň sanyny 800-e ýetirdi.

Ol “Barselona” we “PSŽ” toparlarynyň düzüminde 701, milli ýygyndynyň düzüminde bolsa, 99 gol geçirdi.

Futbol taryhy we statistikasy boýunça halkara federasiýanyň maglumatyna görä, Messi resmi duşuşyklarda iň köp gol geçiren ikinji futbolçydyr. Bu ugurda birinji orny Kristiano Ronaldo eýeleýär.

35 ýaşyndaky Messi 17 ýyl “Barselona” toparynyň düzüminde çykyş edip, bu ýerde 778 duşuşykda 672 gol geçirdi.

Ýene-de okaň

Geçen ýylyň çempiony “Arkadag” täze möwsüme uly hasaply ýeňiş bilen başlady

Ankarada 2026-njy ýylyň şygryna we Bütindünýä saglyk günine bagyşlanan futbol bäsleşigi geçirildi

Aziýanyň boks çempionaty:türkmenistanly Döwlet Yslamow ýarym finala çykdy

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň täze möwsüminiň ilkinji duşuşyklary

Türkmenistanyň futbol çempionaty başlaýar

Ata Watan Eserleri

Türkmen türgenleri 3 aýda 123 medal gazandy