SPORT

Messi «Inter Maýami» bilen 2028-nji ýyla çenli şertnamasyny uzaltdy

Argentinanyň milli ýygyndysy bilen dünýä çempiony bolan hem-de 8 gezek “Altyn top” baýragyny gazanan Lionel Messi «Inter Maýami» klubunda ýene üç ýyl galýar. MLS kluby argentinaly hüjümçi bilen şertnamanyň uzaldylandygyny mälim etdi. Täze şertnama 2028-nji ýylyň ahyryna çenli dowam eder.

«Biz janköýerlerimize uly arzuwlar bilen, ägirt uly kluby döretjekdigimize söz berdik. Bu klub öň biziň bilen bolanlaryň tutanýerliligini, zähmetsöýerligini, hyjuwyny, we arzuwlarynyň üstünde gurulan Maýaminiň ruhuny özünde jemleýär.

Leonel bilen şertnamanyň 2028-nji ýyla çenli uzaldylmagy – biziň ajaýyp şäherimize bagyşlanan senadir. Biz «Maýami Fridom Park» stadionymyzda täze sahypalary ýazmaga sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Birlikde biz gurmagy we arzuw etmegi dowam etdireris», – diýip, «Inter Maýami» klubunyň dolandyryjy eýesi Horhe Mas aýtdy.

«Men bu ýerde galýandygym we diňe bir meniň arzuwym bolman, eýsem ajaýyp hakykata öwrülen — “Maýami Fridom Park” stadionyndaky oýuna gatnaşýan bu taslama boýunça işimi dowam etdirýändigim üçin örän begenýärin. Maýami şäherine gelen günümden bäri özümi bagtly duýýaryn, şonuň üçin bu ýerde oýunymy dowam etdirýändigime tüýs ýürekden begenýärin» diýip, Messi aýtdy.

Messi «Inter Maýami» toparynda 2023-nji ýylyň tomsundan bäri oýnaýar. Şol döwürden bäri ol ähli ýaryşlarda 82 oýna gatnaşyp, 71 gol geçirip, 37 netijeli pas berdi. “Transfermarkt” portalyndaky maglumata görä, futbolçynyň bazar bahasy 18 million ýewro diýlip çak edilýär.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda iň çalt gol hasaba alyndy

«Arkadag» topary AFK-2 Çempionlar ligasynda «Al-Ahli» bilen deňme-deň oýnady

Durant NBA taryhyndaky iň köp hak alýan basketbolçy bolar

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň başlygy FIFA-nyň Tehniki ösüş komitetiniň agzalyga saýlandy

Futbol boýunça dünýä çempionaty üçin 1 milliondan gowrak bilet satyldy

Ata Watan Eserleri

Ronaldo dünýäde iň köp hak alýan futbolçy boldy