SPORT

Messi bilen Ýamal duşuşar

Finalissima futbol duşuşygynyň senesi yglan edildi. Kopa Amerikada ýeňiş gazanan Argentina bilen Ýewropanyň çempiony Ispaniýa 27-nji martda duşuşar. Duşuşyk Kataryň paýtagty Dohadaky “Lusail” stadionynda geçiriler.

Bir tarapda soňky Ýewropa çempiony Ispaniýa, beýleki tarapda Kopa Amerikada ýeňiş gazanan Argentina bar. Iki çempion Finalissima-da duşuşar.

Bu ýaryş dördünji gezek geçirilýär. Ilkinjisi 1985-nji ýylda geçirildi, soňra 1993-nji ýylda we iň soňky gezek 2022-nji ýylda guraldy.

Argentína bu kubogy iki gezek gazandy. Eger Ispaniýa ýeňiş gazansa, öz taryhynda ilkinji gezek Finalissima-da ýeňiji bolar.

Katarda geçiriljek duşuşyk 2026-njy ýylyň 27-nji martynda Dohadaky Lusail stadionynda oýnalar.

Argentina 2022-nji ýylda Italiýany 3–0 hasaby bilen ýeňipdi. Lionel Messiniň topary üç ýyldan soň dünýä çempiony bolan stadionyna ýene-de bir gezek çykar.

Iki ýurt şu wagta çenli 14 gezek duşuşdy. Taraplar hersi 6 gezek ýeňiş gazandy, 2 duşuşyk bolsa deňme-deň tamamlandy.

Ýene-de okaň

Futbol boýunça dünýä çempionaty: ähli gatnaşyjylar belli boldy

Türkiýä 24 ýyldan soňra dünýä çempionatyna gatnaşar

Ata Watan Eserleri

44 gün tälimçilik etdi

Türkiýäniň ýygyndysyna dünýä çempionatyna bir ädim galdy

Ata Watan Eserleri

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi