SPORT

Messi ahyry meýdança çykdy

Ispaniýanyň “Barselona” toparyndan Fransiýanyň “PSŽ” toparyna geçen Lionel Messi täze topary bilen ilkinji duşuşygyny geçirdi. Ol “PSŽ” bilen “Reýsm” toparynyň arasynda geçirilen duşuşygyň ikinji ýarymynda oýna goşuldy.

Messi bu duşuşykda tapawutlanyp bilmedi. “PSŽ” toparynyň 2:0 hasabynda ýeňiş gazanan duşuşygynda 2 pökgüni hem Kilian Mbappe öz adyna ýazdyrdy.

Messi gol geçirip hem bilmese-de, ol duşuşykda oýnan 31 minutynyň dowamynda ähli paslary dürs geçirdi. Şeýle hem ol pökgi bilen hüjüme çykanda garşydaş toparyň futbolçylary ony oýnuň düzgünini bozmak bilen saklap bildiler.

Şeýle hem Messi duşuşykdan soňra “Reýms” toparynyň derwezebanynyň goly bilen he surata düşmäge wagt tapdy.

Messi bu duşuşykda öz dosty Neýmaryň ýerine oýna girdi. Toparyň tälimçisi Maurusio Poçettino Messiniň entek doly taýýar däldigini belledi.

 

Russiýanyň dünýä çempiony boldy

Ýene-de okaň

Futbol boýunça dünýä çempionaty: ähli gatnaşyjylar belli boldy

Türkiýä 24 ýyldan soňra dünýä çempionatyna gatnaşar

Ata Watan Eserleri

44 gün tälimçilik etdi

Türkiýäniň ýygyndysyna dünýä çempionatyna bir ädim galdy

Ata Watan Eserleri

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi