SPORT

Messi 699-njy goluny geçirdi

Ispaniýanyň “Barselona” toparynyň argentinaly hüjümçisi Lionel Messi futbol durmuşyndaky 699-njy goluny geçirdi. Ol Ispaniýanyň “La Liga” milli futbol çempionatynyň 29-njy tapgyrynda “Leganes” topary bilen geçirilen duşuşygyň 69-njy minutynda 11 metrlik jerime urgusyndan tapawutlandy.

Bu gol Messiniň futbol durmuşyndaky 699-njy gol boldy. Messi futbol ýolunda “Barselonanyň” düzüminde 629 gezek, Argentinanyň milli ýygyndysynyň düzüminde bolsa 70 gezek tapawutlandy.

Şeýle hem Messi “La Ligada” 56-njy 11 metrlik jerime urgusyndan peýdalandy. Bu görkeziji boýunça 2-nji orunda durýar. Bu babatda birinjilik Kriştiano Ronaldo degişlidir (61 gezek 11 metrlik jerime urgusyndan tapawutlandy).

Ýeri gelende aýtsak, “Barselona” topary “Leganesi” Ansu Fati hem-de Messiniň gollary bilen 2:0 hasabynda utup, 64 utuk bilen birinji orunda barýar. Ikinji orundaky “Real Madrid” toparynyň 59 utugy bolup, ol hem 18-nji iýunda “Walensiýa” topary bilen duşuşar.

Ýene-de okaň

Futbol boýunça dünýä çempionaty: ähli gatnaşyjylar belli boldy

Türkiýä 24 ýyldan soňra dünýä çempionatyna gatnaşar

Ata Watan Eserleri

44 gün tälimçilik etdi

Türkiýäniň ýygyndysyna dünýä çempionatyna bir ädim galdy

Ata Watan Eserleri

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi