SPORT

Messi 17 ýyldan soňra sanawda ýok

Ýewropada ýylyň futbolçysyna berilýän  “Ballon d’or” ýa-da “Altyn pökgi” baýragynyň 2022-nji ýyl üçin 30 sany dalaşgäri mälim edildi. bu abraýly baýraga 7 gezek mynasyp bolan Lionel Messi 2005-nji ýyldan bäri ilkinji gezek dalaşgärleriň sanawynda orun almady. Sanawda Messiniň esasy bäsdeşi Kristiano Ronaldo bar.

«France Football» neşiri tarapyndan 1956-njy ýyldan bäri gowşurylyp gelinýän baýraga Messiniň topar ýoldaşy Neýmar hem dalaşgär görkezilmedi. Bu baýraga 5 gezek mynasyp bolan Ronaldo bolsa 18-nji gezek dalaşgär görkezilip, özüne degişli rekordy täzeledi.

2022-nji ýylda  “Ballon d’or” ýa-da “Altyn pökgi” baýragyna “Real Madrid” toparynyň fransuz hüjümçisi Karim Benzemanyň mynasyp boljakdygy çaklanylýar. Bu fransuz futbolçy toparynyň geçen möwsümde Ispaniýanyň çempionatynda çempion bolmagyna, UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň hem-de UEFA-nyň Superkubogyny gazanmagyna uly goşant goşdy.

“Altyn pökgi” baýragynyň ýeňijisi 17-nji oktýabrda Pariž şäherinde geçiriljek dabarada mälim ediler.

Bu ýylky sanawda Ronaldo we Benzema bilen bir hatarda Salah, Sadio Mane, Lewandowski, Mbappe, derwezeban Tibo Kurtua, Kewin de Bruýne, Winisius, Kasemiro, Luko Modriç, Antonio Rýudiger, Nkunku, Rafael Leao, Trent-Aleksandr Arnold, Wirjil wan Daýk, Joşua Kimmih, Bernardo Silwa, Riýad Mahrez, Erling Holand, Garri Keýn, Son Hyn Min ýaly futbolçylar bar.

Ýene-de okaň

Türkmen boksçysy Döwlet Islamow Aziýa çempionatynda bürünç medal gazandy

AFK-nyň futbol boýunça dolandyryş okuwyna badalga berildi

Rumyniýaly meşhur tälimçis Mirça Luçesku aradan çykdy

Geçen ýylyň çempiony “Arkadag” täze möwsüme uly hasaply ýeňiş bilen başlady

Ankarada 2026-njy ýylyň şygryna we Bütindünýä saglyk günine bagyşlanan futbol bäsleşigi geçirildi

Aziýanyň boks çempionaty:türkmenistanly Döwlet Yslamow ýarym finala çykdy