DÜNÝÄ

Meşhur italýan syýasatçy Berluskoni aradan çykdy

Italiýanyň ozalky Premýer-ministri, meşhur syýasat işgäri Silwio Berluskoni 86 ýaşynda aradan çykdy. Bu barada Italiýanyň metbugat neşirleri habar berýär.

Berluskoni Milan şäherindäki San-Raffael hassahanasynda bejergi alýan döwründe aradan çykdy. Milliarder, media-magnat Berluskoni 1994-nji ýylda Italiýanyň hökümet baştutany boldy we 2011-nji ýyla çenli ýurduň hökümetine başlyklyk etdi.

Ol “Forza Italia” partiýasyna ýolbaşçylyk edip, ýurduň häzirki Premýer-ministri Jorji Meloniniň ýolbaşýlygynda Italiýanyň parlamentiniň ýokary palatasy, Senata saýlandy.

1936-njy ýylda Milan şäherinde orta synp maşgalada dünýä inen Berlsukoni özüniň işewürlik durmuşyna gozgalmaýan emläk bazarynda başlady, soňra ol “Mediaset” atly Italiýanyň iri täjirçilik telekompaniýasyny döretdi. Ol 1986-2017-nji ýyllar aralygynda Italiýanyň meşhur “Milan” toparyna eýeçilik etdi.

“Forza Italia” partiýasy 1993-nji ýylda döredildi we bir ýyldan soňra Berluskoni premýer-ministr wezipesine savlandy.

Silwio Berluskoniniň 5 çagasy bar.

Ýene-de okaň

Türki dünýäsiniň futbol diplomatiýasy

ÝUNESKO-nyň ştab-kwartirasynda halkara Nowruz baýramyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi

Seulda türkmen-koreý syýasy geňeşmeleri geçirildi

17-nji aprelde GDA-nyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçiriler

Aşgabat-Seul: konsullyk meseleleri boýunça geňeşmeler geçirildi

Türkmenistan Ýaponiýanyň gadymy paýtagty bolan Nara şäheri bilen hyzmatdaşlygy giňeldýär