JEMGYÝET

Merkezi Aziýanyň we Koreýa Respublikasynyň parlament ýolbaşçylarynyň ikinji duşuşygy

Şu gün Türkmenistanyň Mejlsinde Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň 2022-nji ýylyň noýabr aýynda Koreýa Respublikasyna amala aşyran iş saparynyň dowamynda «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» atly parlamentara forumy döretmek barada başlangyjy esasynda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Koreýa Respublikasynyň parlament ýolbaşçylarynyň ikinji duşuşygy geçirildi.

Türkmenistanyň Mejlisinde Merkezi Aziýa döwletleriniň we Koreýa Respublikasynyň Parlament ýolbaşçylarynyň ikinji duşuşygynyň «Parahatçylygyň, gülläp ösüşiň we özara ynanyşmagyň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly plenar mejlisi geçirildi.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda geçirilýän duşuşygyň «Parahatçylygyň, gülläp ösüşiň we özara ynanyşmagyň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly plenar mejlisine Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy, Gazagystan Respublikasynyň Parlamentiniň Majlisiniň Başlygy, Gyrgyz Respublikasynyň Ýokary Geňeşiniň Başlygy, Täjigistan Respublikasynyň Oli Majlisiniň Nomaýandogan Majlisiniň Başlygy, Özbegistan Respublikasynyň Oliý Majlisiniň Kanunçykaryjy palatasynyň Başlygy we bu ýurtlaryň parlamentarileri gatnaşdylar.

Merkezi Aziýa döwletleriniň we Koreýa Respublikasynyň Parlament ýolbaşçylarynyň ikinji duşuşygy däp bolan dostlukly türkmen-koreý, türkmen-gazak, türkmen-gyrgyz, türkmen-täjik, türkmen-özbek gatnaşyklaryny hil taýdan täze derejä çykarmakda aýratyn möhüm ähmiýete eýe bolup durýar.

Bu forumyň çäklerinde Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Gazagystan Respublikasynyň Parlamentiniň Majlisiniň Başlygy Ýerlan Koşanow bilen duşuşdy.

Ýene-de okaň

HHR-iň Başlygy Si Szinpine Gadyrly atly ajaýyp ahalteke bedewi sowgat berildi

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri Si Szinpin bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň we Hytaýyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy

Sefa Gömdeniz: Türkmenistan-Türkiýe strategiki hyzmatdaşlyk täze derejä çykýar

Türkmenistan Azerbaýjanda geçiriljek WUF13 forumyna işjeň gatnaşmagy meýilleşdirýär

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Hytaýa dostluk sapary başlandy