SPORT

Merkezi Aziýanyň we Hindistanyň Futbol assosiasiýalary Ähtnama gol çekişdiler

 Doha şäherinde Merkezi Aziýanyň Futbol assosiasiýasy (CAFA) bilen Bütinhindi Futbol federasiýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekişildi. Resminama dürli ugurlarda, hususan-da, başlangyçlary goldamak, ýaryşlary guramak, tejribe alyşmak hem-de futbol hünärmenleriniň bilimini artdyrmak boýunça hyzmatdaşlyk etmegi öz içine alýar.

Ähtnama gol çekilmegi iki futbol assosiasiýasynyň arasyndaky gatnaşyklarda möhüm tapgyr boldy. Ol oýunçylaryň we tälimçileriň taýýarlyk derejesini ýokarlandyrmak, şeýle hem ýaryşlara gatnaşmak üçin mümkinçilikleri giňeltmek arkaly Merkezi Aziýada we Hindistanda futbolyň ösmegine goşant goşar.

Ýeri gelende bellesek, Ähtnama gol çekmek dabarasyna Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň başlygy, CAFA-nyň wise-prezidenti Arslan Aýnazarow hem gatnaşdy.

Maglumat üçin, Merkezi Aziýanyň Futbol assosiasiýasy 2014-nji ýylda esaslandyrylyp, ol AFK-nyň bäş sany sebitleýin guramasynyň biri bolup durýar. CAFA-nyň düzümine Türkmenistanyň, Owganystanyň, Eýranyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň hem-de Özbegistanyň Futbol federasiýalary girýär.

Ýene-de okaň

Futbol boýunça dünýä çempionaty: ähli gatnaşyjylar belli boldy

Türkiýä 24 ýyldan soňra dünýä çempionatyna gatnaşar

Ata Watan Eserleri

44 gün tälimçilik etdi

Türkiýäniň ýygyndysyna dünýä çempionatyna bir ädim galdy

Ata Watan Eserleri

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi