DÜNÝÄ

Merkezi Aziýanyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň duşuşygy geçirildi

2021-nji ýylyň 8-nji dekabrynda Täjigistanyň paýtagty Duşanbe şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň 11-nji duşuşygy geçirildi. Bu duşuşyga Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew gatnaşdy.

Täjigistanyň Daşary syýasat edarasynyň resmi sahypasynda yerleşdirilen habara görä, duşuşyga Täjigistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Farhod Salim, Gyrgyz Respublikasynyň daşary işler ministriniň orunbasary Azizbek Madmarow, Özbegistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Furkat Sidikow, Gazagystanyň Täjigistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilisi Askar Tažibaýew, BMG-niň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň baştutany Natalýa German, BMG-niň Baş sekretarynyň Owganystan boýunça ýörite wekiliniň orunbasary Mette Knudsen we donor ýurtlaryň wekilleri gatnaşdy.

Duşuşykda taraplar sebitleýin we halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri boýuna pikir alşydylar. Şeýle hem halkara terrorçylygy we ekstremizmi, guramaçylykly jenaýat we bikanun neşe söwdasy ýaly wehimlere garşy göreşmek, durmuş-ykdysady meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň ýygnagynyň çäginde “Bilelikdäki hereket meýilnamasy: BMG-nyň Merkezi Aziýada terrorçylyga garşy global strategiýasynyň hemmetaraplaýyn durmuşa geçirilmegine tarap” atly bilelikdäki taslamanyň 4-nji tapgyry resmi taýdan badalga berildi.

 

Adam atlarynyň manysy

 

Ýene-de okaň

Täjigistanda ýylyň şygaryna bagyşlanan dabara geçirildi

Ata Watan Eserleri

Köneürgenç etraby 2025-nji ýylyň jemleri boýunça iň gowy etrap diýlip yglan edildi

Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak ministri wezipesinden boşadyldy

Türkmenistandan «EKSPO — 2030» sergisine gyzyklanma

Türkmenistanyň wekiliýeti Çaga zähmetini aradan aýyrmak boýunça bütindünýä maslahatyna gatnaşdy

Rumyniýanyň döwlet sekretary bilen duşuşyk