DÜNÝÄ

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy

2022-nji ýylyň 13-nji maýynda Duşenbe şäherine bolan iş saparynyň dowamynda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Daşary işler ministrleriniň duşuşygyna gatnaşdy.

Nobatdaky gepleşikleriň barşynda 2021-nji ýylyň awgustynda Türkmenistanda üstünlikli geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygynyň jemleri boýunça kabul edilen Bilelikdäki Beýannamanyň durmuşa geçirilişiniň depgini ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mundan başga-da, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň arasynda XXI asyrda Merkezi Aziýany ösdürmek maksatlaryna laýyklykda, Dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we hyzmatdaşlyk hakyndaky Şertnamanyň taslamasy babatynda pikirler alyşyldy. Çünki bu resminama sebitiň gadymdan däp bolan ýakyn gatnaşyklara eýe bolan ýurtlarynyň we halklarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna we hemmetaraplaýyn ösdürilmegine gönükdirilen bolup durýandyr.

Gün tertibiniň ähli meseleleri boýunça özara kabul ederlik çözgütler kabul edildi.

 

GDA-nyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy

Ýene-de okaň

Aşgabat-Seul: konsullyk meseleleri boýunça geňeşmeler geçirildi

Türkmenistan Ýaponiýanyň gadymy paýtagty bolan Nara şäheri bilen hyzmatdaşlygy giňeldýär

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Koreýada türkmen talyplary bilen duşuşdy

Türkmenistan we Koreýa özara syýahaty ýönekeýleşdirmegiň mümkinçiligini maslahatlaşdylar

Ata Watan Eserleri

Parižde Türkmenistanyň sungat ussatlarynyň medeni-sazly agşamy geçirildi

Bütindünýä saglyk güni mynasybetli ylmy-amaly maslahat geçirildi