DÜNÝÄ

Merkezi Aziýa-Russiýa zenanlar dialogyna taýýarlyk görlüp başlandy

Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçisi E. Aýdogdiýew bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Halkara gatnaşyklar komitetiniň başlygy G.B.Karasin bilen duşuşygy boldy. Bu barada türkmen diplomatik wekilhanasynyň resmi saýtynda habar berilýär.

Duşuşykda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak, şol sanda şu ýyl üçin bilelikdäki iş meýilnamalaryny durmuşa geçirmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmen halkynyň milli lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýyl Türkmenistanda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň zenanlarynyň dialogynyň forumyny geçirmek üçin öňe süren başlangyjynyň ähmiýeti bellendi.

Bu başlangyjyň durmuşa geçirilmegi parahatçylygy, durnuklylygy berkitmäge, goňşuçylyk gatnaşyklaryny we Merkezi Aziýa döwletleri bilen Russiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly goşant goşar.

Duşuşykda Türkmenistanda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” hem-de Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyny bellemek babatda görülýän taýýarlyklar ara alnyp maslahatlaşyldy. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly çäginde Türkmenistanyň alyp barýan işleri we ileri tutulýan ugurlary barada jikme-jik beýan edildi.

Üstümizdäki ýylyň dowamynda Türkmenistanda we daşary ýurtlarda birnäçe möhüm çäreleriň geçirilmegi meýilleşdirilýär we şu ýylyň dekabrynda döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda geçiriljek halkara forum bilen ýylyň jemlenjekdigi beýan edildi.

Ýene-de okaň

Özbegistan Türkmenistanyň üsti bilen Eýrana ynsanperwer kömegine iberdi

Türkmenistanyň Ilçisi Ýuji Beleza we Derya Soýsaly Ilçihanada kabul etdi

Dr.Döwran Orazgylyjov

Gazagystanda täze Konstitusiýa we täze baýramçylyk döredildi

Gazagystanlylaryň 87%-den gowragy täze Konstitusiýanyň taslamasyny goldady

Ata Watan Eserleri

Kabul we Aşgabat TOPH gaz geçirijisiniň ugrundaky ýerleri satyn almak işinde ylalaşýarlar

Millionlarça yzarlaýjysy bolan influenser Ýuji Beleza Türkmenistanyň çäresine gatnaşar

Dr.Döwran Orazgylyjov