DÜNÝÄ

«Merkezi Aziýa – Russiýa» formatyndaky ýokary derejeli geňeşmeler geçirildi

2026-njy ýylyň 22-nji ýanwarynda Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginde 2025–2027-nji ýyllar üçin «Merkezi Aziýa – Russiýa» Bilelikdäki hereketler meýilnamasynyň durmuşa geçirilmegine bagyşlanan «Merkezi Aziýa – Russiýa» formatyndaky ýokary derejeli geňeşmeler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Russiýadaky ilçihanasy habar berýär.

Türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy, Türkmenistanyň Ilçisi Esen Aýdogdyýew öz çykyşynda geçen ýylyň oktýabr aýynda Duşenbede geçirilen Merkezi Aziýa we Russiýa Federasiýasynyň döwletleriniň Baştutanlarynyň ikinji Sammitinde Türkmenistanyň hormatly Prezidenti S. G. Berdimuhamedow tarapyndan öňe sürlen başlangyçlaryň amaly taýdan durmuşa geçirilmeginiň möhümdigini belledi.

Türkmenistan tarapyndan durnuklylygy, ynamy we özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen pikirleriň we teklipleriň goldanylýandygy aýratyn nygtaldy, şol bir wagtyň özünde olaryň amaly häsiýetiniň, deňhukuklylygyň we gatnaşyjy döwletleriň milli bähbitleriniň hasaba alynmagynyň möhümdigi bellenildi.

Taraplar Merkezi Aziýa döwletleriniňwe Russiýa Federasiýasynyň Baştutanlarynyň ikinji Sammitiniň jemleriniň durmuşa geçirilmeginiň mümkin bolan ýollaryny, şol sanda alty döwletiň degişli ministrlikleriniň we beýleki döwlet edaralarynyň maslahatlaryny geçirmek arkaly ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşyga aşakdakylar gatnaşdylar:

  • Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministriniň orunbasary M.Ýu. Galuzin;
  • Gazagystan Respublikasynyň daşary işler ministriniň orunbasary E. B. Konuspaýew;
  • Gyrgyz Respublikasynyň daşary işler ministriniň orunbasary A. K. Imangaziýew;
  • Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministriniň orunbasary B. M. Usmanow;
  • Täjigistan Respublikasynyň Russiýa Federasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi D. K. Gulmahmadzoda;
  • Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi E. M. Aýdogdyýew.

Ýene-de okaň

Türkmenistan GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň ýanyndaky Ykdysady meseleler boýunça toparynda başlyklygy kabul etdi

Türkmenistanyň Sloweniýadaky Ilçisi diplomatik korpus üçin guralan täze ýyl kabul edişligine gatnaşdy

Tramp “EKSPO-2035” Bütindünýä sergisi Maýamide geçirmegi isleýär

Türkmenistanyň UNESCAP bilen hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy

Ata Watan Eserleri

BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň (UNECE) Ýerine ýetiriji sekretarynyň orunbasary bilen duşuşyk geçirildi

Ankarada 2026-njy ýylyň şygaryna bagyşlanan maslahat geçirildi