DÜNÝÄ

Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy gümrük ulgamynda hyzmatdaşlygyny ösdürer

Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Ilçisi B.Durdyýew Koreýa Respublikasynyň Gümrük gullugynyň ýolbaşçysy bilen Merkezi Aziýa ýurtlaryň ilçileriniň arasynda resmi günortanlyk nahary görnüşdäki geçirilen iş duşuşygyna gatnaşdy.

Duşuşygyň esasy maksady Koreýa Respublikasy bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda gümrük ulgamynda hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat bolup, onuň dowamynda şeýle-de ikitaraplaýyn gatnaşyklary ilerletmek boýunça hem pikir alşyldy.

Hususan-da Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy formatynyň çäginde hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerini ýola goýmak, gümrük ulgamynda özara maglumat alyşmak, Koreýa Respublikasynyň Gümrük gullugy tarapyndan guralýan halkara maslahatlaryna we taslamalara, okuw maslahatlaryna, hünär kämilleşdiriş maksatnamalaryna we seminarlaryna gatnaşmak ýaly meseleler agzalyp geçildi.

Ilçi B.Durdyýew öz tarapyndan Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Koreýa Respublikasynyň Gümrük gullugynyň arasynda alnyp barylýan hyzmatdaşlyk barada durup geçip, koreý tarapynyň guraýan okuw maslahatlaryna türkmen tarapynyň wekilleriniň işjeň gatnaşýandygy barada belledi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň we Tunisiň ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistan bilen Azerbaýjan ýük daşamalaryny artdyrmagy maslahatlaşdy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan-Özbegistan: parlamentara gatnaşyklar maslahatlaşyldy

Özbegistanda «Merkezi Aziýa-Ýewropa Bileleşigi» birinji Parlamentara forumy geçirildi

Türkmenistan «Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi» birinji Parlamentara forumyna gatnaşdy

Belarus bilen Türkmenistan awiasiýa hem-de ulag-logistika hyzmatdaşlygyny ösdürmegi maslahatlaşdylar