BIZNES

Merkezi Aziýa-Hytaý Gümrük gulluklarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygynyň guraly döredilýär

Merkezi Aziýa-Hytaý Gümrük gulluklarynyň ýolbaşçylarynyň wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly birinji duşuşygy geçirildi. Oňa Türkmenistanyň, Hytaý Halk Resublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyzystan Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň gümrük gulluklarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň resmi saýtynda bellenilip geçilýär.

Duşuşyga başlyklyk eden Hytaý Halk Respublikasynyň Baş gümrük müdirliginiň ýolbaşçysy Ýuý Szýanhua Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň Gümrük gulluklarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşyklarynyň guralyny döretmek barada teklibi bilen çykyş etdi.

Ýygnakda bilelikdäki hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Olaryň hatarynda gümrük taýdan resmileşdirmegi ýönekeýleşdirmek, «Bir penjire» taslamasynyň çäginde hyzmatdaşlyk etmek, «Akylly gümrük» babatda tejribe alyşmak, Ygtyýarly ykdysady operatorlary özara ykrar etmek, gümrük kadalarynyň bozulmalaryna garşy göreşmek hem-de gümrük maglumatlaryny deslapdan alyşmak meselelerine seredildi.

Taraplar, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň Gümrük gulluklarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşyklarynyň guralynyň işi hakynda Düzgünnamanyň taslamasyny tassykladylar.

Merkezi Aziýa-Hytaý Gümrük gulluklarynyň ýolbaşçylarynyň ikinji duşuşygynyň 2025-nji ýylda Gazagystan Respublikasynda geçirilmegi teklip edildi.

Ýuý Szýanhua şu ýylyň ahyryna çenli Hytaýda adatdan daşary ýüzbe-ýüz duşuşygy geçirmegi we onuň dowamynda Düzgünnama gol çekmegi teklip etdi.

Ýene-de okaň

Türkmenistan öz önümlerini «Kazan Halal Market» halkara ýarmarkasynda hödürlär

Waşingtonda ABŞ-Özbegistan işewürlik geňeşiniň mejlisi geçirildi

Russiýa–Türkmenistan–Owganystan täze üstaşyr geçelgesini döretmek meýilleşdirilýär

Türkmenistanda 3 aýda jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy

Aşgabatda “Hyzmatdaşlyk we ösüş” atly köpugurly halkara sergi geçirilýär

Türkmenistan bilen Azerbaýjan ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşdylar