DÜNÝÄ

Merkezi Aziýa-Hytaý: daşary işler ministrleriniň duşuşygy

Merkezi Aziýanyň we Hytaýyň daşary işler ministrleriniň 4-nji duşuşygy Hytaýyň Sian şäherinde geçiriler. Bu barada Gazagystanyň daşary syýasat edarasynyň metbugat beýanatynda bellenilip geçilýär.

26-27-nji aprelde geçiriljek Merkezi Aziýanyň we Hytaýyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygynyň gün tertibiniň esasy mowzugy şu ýylyň maý aýynda geçirilmegi göz öňünde tutulýan “Merkezi Aziýa-Hytaý” birinji sammitine görülýän taýýarlyk meseleleri bolar.

Mundan başga-da, daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary dürli ugurlarda altytaraplaýyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ara alyp maslahatlaşarlar. Hususan-da, ulag-logistika infrastrukturasy, Merkezi Aziýadan oba hojalyk önümleriniň Hytaýa eksportuny artdyrmak, elektron söwdany ösdürmek,  “Merkezi Aziýa-Hytaý” dialogy formatyna gatnaşyjy döwletleriň ygtyýarly edaralarynyň hyzmatdaşlygy boýunça täze mehanizmleri döretmek ýaly ugurlarda özara pikir alyşmalar geçiriler.

Şeýle hem taraplar sebit we halkara gün tertibiniň meselelerine serederler. Bu ugurda taraplaryň garaýyşlary boýunça pikir alyşmalar geçiriler.

Ýene-de okaň

Parižde Türkmenistanyň sungat ussatlarynyň medeni-sazly agşamy geçirildi

Bütindünýä saglyk güni mynasybetli ylmy-amaly maslahat geçirildi

Türkmenistanyň we Gruziýanyň alymlary bilelikde milli golýazmalary öwrenmäge başladylar

Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçihanasy mini-futbol ýaryşyny gurnady

Täze Zelandiýada ahalteke atlaryny ösdürmek ýetişdirmekde tagallalar edilýär

Yragyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň wekili bilen duşuşyk