20-nji oktýabrda Samarkant şäherinde Merkezi Aziýa döwletleriniň goranmak ministrleriniň ilkinji duşuşygy geçirildi. Bu barada Özbegistanyň Milli habarlar agentligi “UzA” habar berdi. Bu duşuşyga Türkmenistanyň goranmak ministri B.Gündogdyýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşdy.
Maslahatyň başynda gatnaşyjylara Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň iberen haty okaldy. Onda soňky ýyllarda goňşuçylyk, özara hormat we ynam ýörelgelerine esaslanýan sebitleýin gatnaşyklarynyň konstruktiw dialog hem-de strategik hyzmatdaşlyk derejesine ýetendigi nygtaldy.
Duşuşygyň dowamynda goranmak ministrleri sebitleýin howpsuzlygy üpjün etmegiň esasy meselelerini, harby we harby-tehniki hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýoluny hem-de halkara terrorçylygyna garşy göreşde bilelikdäki çäreleri maslahatlaşdylar. Gepleşikleriň netijesinde taraplar teswirnama gol çekdiler.

Özbegistanyň goranmak ministri Gazagystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Gyrgyzystanyň gornamak ministrleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi.
Resmi duşuşyklardan soňra wekiliýet agzalary üçin Samarkandyň ýadygärliklerine gezelenç guraldy. Myhmanlar Mirzo Ulugbegiň obserwatoriýasyny, Amir Temiriň mawzoleýini, Registan meýdanyny we “Ebedi şäher” medeni-ýadygärlik toplumyny gördüler.
Şunuň bilen birlikde, duşuşygyň sebitleýin howpsuzlyk boýunça hyzmatdaşlygyň işjeňleşýän döwründe geçirilendigini bellemek gerek. Geçen hepde iki möhüm çäre bolup geçdi — Samarkantda GDA döwletleriniň howpsuzlyk we aňtaw gulluklarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy, şeýle hem Bişkekde “Merkezi Aziýa — Hindistan” formatyndaky üçünji howpsuzlyk geňeşleriniň sekretarlarynyň duşuşygy geçirildi.
