DÜNÝÄ

“Merkezi Aziýa-ASEAN” formatyny döretmek pikiri maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowanyň Taýland Patyşalygynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Ankara ş.) Apirat Sugondhabhirom bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň başynda Taýlandyň Ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy. Ministriň orunbasary Ilçini ýokary diplomatik wezipä bellenmegi bilen gutlady.

Taraplar Türkmenistanyň we Taýlandyň syýasy-diplomatik, ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlardaky köpugurly gatnaşyklary ösdürmek üçin oňyn esaslarynyň bardygyny bellediler. Şunuň bilen baglylykda, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň dürli ugurlarynda özara hyzmatdaşlyk üçin mümkinçilikleriň bardygy nygtaldy.

Hyzmatdaşlygyň ýene bir ileri tutulýan ugry parlamentara gatnaşyklary giňeltmek bolup durýar. Şu nukdaýnazardan, parlamentara dostluk toparyny döretmek mümkinçiligine seretmek teklip edildi.

Taraplar şeýle hem Türkmenistanyň Taýland Patyşalygyndaky ilçisini bellemek mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşdylar.

Köptaraplaýyn görnüşde özara gatnaşyklary alyp barmaklygyň çäklerinde diplomatlar “Merkezi Aziýa-ASEAN” formatyny döretmek pikirine-de üns berdiler.

Duşuşygyň barşynda diplomatlar söwda-ykdysady ulgamda hem Türkmenistan bilen Taýland Patyşalygyň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegi barada pikir alyşdylar. Bu ýerde energetika, gaz-himiýa we oba hojalygy pudaklary ileri tutulýan ugurlar hökmünde kesgitlenildi.

Ylym, medeni-ynsanperwer ugurlarda, şeýle hem syýahatçylyk we sport pudaklarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk üçin uly mümkinçilikleriň bardygy bellendi. Hususan-da, türkmen tarapy iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda göni aragatnaşygy ýola goýmaklygy teklip etdi.

Türkmenistan bilen Taýland Patyşalygynyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 6-njy iýulynda ýola goýuldy.

Ýene-de okaň

29-njy martda geçiriljek saýlawlarda saýlaw uçastoklarynyň 578-si hereket eder

Eýranyň Aşgabatdaky ilçihanasynda Aýatolla Hameneýi üçin gynanç kitaby açyldy

Eýrandaky Hytaýyň raýatlary Türkmenistanyň üsti bilen ýurduna dolandy

Eýrandaky ABŞ-nyň raýatlaryna Türkmenistan geçelgesini ulanmak boýunça bildiriş

Türkmenistan Eýrandaky daşary ýurt raýatlary üçin ynsanperwer geçelge döredýär

Ata Watan Eserleri

Ýurdumyzyň paýtagty Aşgabat şäherinde, «Zenan we tebigat» atly döredijilikli duşuşyk geçirildi