SIZDEN GELENLER

“… Men onuň kimdigini tanaýan!”(hekaýa)

Ir bilen köçede ýöräp barýarka bir ýaşuly ulag heläkçiligine uçrady we ol birneme ýaralandy. Daş-töweregindäkiler ony derrew hassahana äkitdiler. Hassahana gelenlerinde şepagat uýasy ilki bilen döwük-ýenjik ýerleriniň bolmagy ähtimallygy bilen rentgen barlagyndan geçiriljekdigini aýtdy.

Ýaşuly biynjalyk boldy, ol tiz barmaly ýeriniň bardygyny we howlugýandygyny, şol sebäpden hem rentgen barlagyndan geçmek islemeýändigini aýtdy. Şepagat uýasy uly bilesigelijilik bilen onuň näme üçin howlugýandygynyň sebäbini sorady. “Aýalym garrylar öýünde ýaşaýar we men her gün irden bilelikde ertirlik edinmek üçin onuň ýanyna gidýärin. Şol sebäpli hem gijä galmak islmeýän” -diýdi. Şepagat uýasy: “Aýalyňyza habar edip, siziň işiňiziň çykandygyny we azrak gijä galjakdygyňyzy aýdaýarys!” –diýende, ýaşuly uly gynançlyk bilen aýalynyň ýatkeşlik keselinden (alsgeýmer) ejir çekýändigini, hiç kimiň ýadyna düşmeýändigini we hatda özüniň hem kimdigini tanamaýandygyny aýtdy.

Şepagat uýasy geň galyjylyk bilen: “Aýalyňyz siziň kimdigiňizi tanamaýan bolsa, onda  näme üçin her gün onuň bilen bile ertirlik edinmek üçin ylgaýarsyňyz?” -diýip sorady.

Garry gojadan şeýle aýgytlaýyjy jogap geldi:

“DOGRY, ÝÖNE MEN ONUŇ KIMDIGINI TANAÝAN!”

                                                                                                     Gülnur Esenowa

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby

Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara

 

Ýene-de okaň

Nowruz şowhunly we ählihalk baýramydyr

Türkmen  prozasynda parahatçylygyň  waspy

Sagdyn durmuş ýörelgesi

Nebitgaz senagatyny döwrebaplaşdyrmak – ykdysadyýetiň möhüm ugry

Arkadag şäheri – bagtyýarlygyň şäheri

Saglyk — bagtyýarlygyň gözbaşy