SIZDEN GELENLER

Mekdep okuwçylaryň arasynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirilýär

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň her bir güni toý-baýramlara beslenýär. Häzirki wagtda ýurdumyz Täze ýyl baýramyna ýokary derejede taýýarlyk görýär. Şu esasda ýurdumyzyň  mekdep okuwçylarynyň arasynda wagyz-nesihat duşuşyklary yzygider dowam edýär. Ýakynda Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň takyk we iňlis dili okuw derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen  19-njy orta mekdebinde ýokary synp okuwçylarynyň arasynda Babadaýhan etrap Bilim bölümi, TMÝG-niň Babadaýhan etrap Geňeşiniň we KÝÝIBT-nyň bilelikde gurnamagynda «Täze ýyl baýramçylygyna ýokary taýýarlyk!» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Täze ýyl baýramçylygynyň ýetip gelýändigi bilen baglylykda mekdep okuwçylarynyň toý günlerinde köpçilik ýerlerde tertip düzgüni berjaý etmegini gazanmak maksady bilen geçirilen duşuşykda täsirli çykyşlar diňlendi. Çykyş edenler ýaşlar baradaky alada döwlet syýasatynda uly derejede ähmiýet berýändigi, ýaş nesle uly ynam bildirilýändigi, olaryň watansöýüji, ilhalar, sagdyn we berk bedenli bolup ýetişmekleri babatda mynasyp tagalla edilýändigi  dogrusynda aýratyn durup geçdiler. Şeýle-de okuwçy ýaşlara baýramçylyk günlerinde köpçilik ýerlerinde özlerini tertip-düzgünli  alyp barmak, zyýanly endiklerden daşda durmak boýunça degerli maslahatlar berildi. Duşuşygyň ahyrynda ýaşlara okamaga, zähmet çekmäge, çekilen zähmetiň hözirini görmäge ähli mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimize alkyşly sözler aýdyldy.

 

Şöhrat Akmämmedow,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar Guramasynyň Babadaýhan etrap

Geňeşiniň baş hünärmeni.

Ýene-de okaň

Sarpasy belent bedewler

Ata Watan Eserleri

Ýylyň şygary-belent sepgitlere badalga

Çagalar – biziň geljegimiz!

Sagdyn ene we sagdyn çaga – uly baýlyk

 Magtymguly aýdar, sözüm älemdir…

Ösümlikler üçin zerur dökün