Dil-aragatnaşyk serişdesidir. Sözleýiş hakykaty şöhlelendirmegiň adama mahsus bolan görnüşidir. Dil we sözleýiş aň we pikirlenme bilen gönüden göni baglanyşykly bolup, pikirlenmäni beýan edýär. Çaganyň dil öwrenýän wagty-mekdebe çenli ýaşly döwrüne gabat gelýär. Çaga 5-6 ýaşy dolýança öz ene dilinde arkaýýyn geplemegi, öz pikirini aýdyň beýan etmegi çagany terbiýelemekdäki möhüm meseleleriniň biridir. Çaganyň ene dilindäki sesleri dogry aýtmagy, sözleri we sözlemleri düşnükli aýdyň aýtmagy, onuň mekdebe taýýarlygyny görkezýär. Ene dilini öwretmegiň esasy meselesi-çagalarda arassa we dogry ses aýdylyşyny terbiýelemekdir.
Sözleýiş dili bolmadyk çagalar ene dilindäki sesleri nädogry aýdýarlar, bir sesiň ýerine başga bir sesi ulanýarlar ýa-da sesi ýoýup aýdýarlar. Sözleýşiň bozulmalarynyň mekdebe çenli ýaşda aradan aýrylmagy hökmanydyr. Sebäbi çaganyň ösüşindäki kemçilikler onuň ýatkeşliginiň, pikirlenmesiniň, aňynyň ösmegine çaganyň daş-töweregindäkiler bilen aragatnaşygynyň kynlaşmagyna-da öz täsirini ýetirýär.
Sözleýiş diliniň bozulmagy çaganyň häsiýetine belli bir derejede öz täsirini ýetirýär. Olarda utanjaňlyk, geplemezlik, göwnüçökgünlik peýda bolýar.
Öz wagtynda kämilleşen sözleýiş dili çaganyň akyl ýetirijiligine oňyn täsirini ýetirýär we onuň akyl taýdan ösmeginiň başlangyjy bolup durýar.
Mekdebe çenli ýaşly çaganyň pikirlenmäni we sözleýşi özleşdirmegi-çylşyrymly, köptaraplaýyn psihiki proses, döremegi we geljekde kämilleşmegi bolsa birnäçe faktorlara bagly. Çaganyň kelle beýnisi, eşidişi, gep agzalary( artikulýasiýa apparaty) ösüşiň belli bir derejesine ýetende sözleýiş kemala gelip başlaýar.Emma onuň sözleýşiniň peýda bolmagy we geljekde dogry kämilleşmegi üçin sözleýiş gurşawy gerek. Çagada sözleýşi peýdalanmak zerurlygy deň-duşlary, garyndaşlary bilen aragatnaşyk saklamagyň esasy usuly hökmünde ýüze çykýar.
Ata-eneler çaga bilen köpräk gürleşmeli, onuň ähli berýän soraglaryna jogap bermeli, onuň deň-duşlary bilen aragatnaşykda bolmagyny gazanmaly. Öz ýaşyna laýyk gelýän goşgujyklary, tapmaçadyr-matallary, aýdymlary, sanawaçlary, ýomaklary, ýaňyltmaçlary kiçijik hekaýalary we ertekileri aýdyp berip, çagalaryň ýadynda galan ýerini aýtdyrmaly.
Meselem; goşgujyklardan-
Kömelek,näme
Göterýäň başda
-Saýawan alyp,
Çykdym ýagyşda.
Geçi, geçi aý geçi
Gaçma bäri dur geçi
Ot bereýin iý geçi
Çaýyrlykda dur geçi.
Tapmaça- matallardan-
Bagda gülier açyldy
Heýjanelek, janelek
Gülden güle aýlanýar
Owadanja……….(kebelek)
- Bu nä täsin gyzgyn guýy?
Çüňki bilen guýýar çaýy.(çäýnek)
Garrr! Garrr!
Men gygyrsam gar ýagar! (garga)
Ýaňyltmaçlardan:
-Selbi sülleren selmelere suw sepdi (3-gezek)
-Şapyr-şupur ýagyşlar,
Penjiräni nagyşlar.(3-gezek)
-Şaldyrama şabadyň boýunda şaldyrap duran şaly gördüm(3-gezek)
Sanawaçlardan:
-Pyşdyl, pyşdyl men
Irden ýola düşdüm men
Myhman boljak ýerime
Diňe agşam düşdüm men.
-Ekem,ekem Arpa çekem
Ýola bakam Gözüm dikem
Gyzyl towuk Yrma towuk
Jyňňyrdawuk Çek, aýak!
Hekaýa
Ýumşak
Biziň öýümizde pişigimiz bar. Onuň ady Ýumşak. Ýumşagyň tüýi mylaýym, ýumşak. Ony sypalasaň murtlary syh-syh bolýar.Ýumşak ejemiň bişiren pişmesini gowy görýär.Çaga bilen köpräk didaktiki, mazmunly we hereketli oýunlary oýnap, şolaryň üsti bilen sesleri dogry aýtmagy öwretmeli. Eger-de çaga belli bir sesi aýdyp bilmese öz wagtynda hünärmenlere dil düzediş mugallymlaryna ýüz tutmaly.
Abdullaýewa Jennet
Seýtinazar Seýdi adyndaky Türkmen Döwlet
Mugallymçylyk Institutynyň pedagogika we psihologiýa
kafedrasynyň mugallymy