JEMGYÝET

Mejlise saýlanan deputatlaryň 26 göterime golaýyny zenanlar düzýär

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň durmuşynda örän möhüm syýasy çäre bolan Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlarynyň jemlerine seredildi.

Hökümet mejlisinde Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň başlygy G.Myradow hasabat berdi. Ol şu ýylyň 26-njy martynda geçirilen Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlarynyň jemleri barada habar berdi.

Merkezi saýlaw toparynyň ýolbaşçysy saýlawlaryň netijeleri barada aýdyp, Türkmenistan boýunça jemi 3 million 496 müň 368 saýlawçydan 3 million 185 müň 935-siniň ses berip, 91,12 göterim gatnaşygyň bolandygyny habar berdi. Ýurdumyz boýunça 125 adam Mejlisiň deputatlygyna, 240 adam welaýat, Aşgabat şäher halk maslahatlarynyň agzalygyna, 960 adam etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalygyna, 5897 adam Geňeşleriň agzalygyna saýlandy.

Bellenilişi ýaly, Mejlisiň saýlanan deputatlarynyň 26 göterime golaýy (25,60 göterim) zenanlar bolup durýar. Welaýat halk maslahatlarynyň agzalarynyň 29 göterime golaýynyň (28,75 göterim), etrap halk maslahatlarynyň agzalarynyň 30 göterime golaýynyň (29,58 göterim), Geňeş agzalarynyň 28 göteriminiň zenanlar bolmagy ýurdumyzda zenanlaryň uly hormat-sarpa eýedigini görkezýär.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň we Türkiýäniň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň Bilim ministrligi: 2026-njy ýyl üçin diplomy ykrar edilýän halkara uniwersitetler

Ata Watan Eserleri

Bernardo Silwa tomusda “Mançester Siti” toparyndan gider

Kristofer Wizda: “Makul Iňlisçe-Türkmençe” gollanma seýrek duş gelýän gymmatlyk

Owganystanyň başlangyjy bilen ilkinji “Owganystan–Merkezi Aziýa” konsultatiw dialogy ýola goýuldy

Ata Watan Eserleri

Milli Liderimiz Arkadag şäherindäki 30 müň orunlyk metjidiň gurluşygy bilen tanyşdy

Ata Watan Eserleri