SIZDEN GELENLER

Medeni kanunçylyk – medeniýeti ösdürmegiň hukuk çeşmesidir

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bedew bady bilen öňe barýan ýurdumyzyň syýasy, ykdysady, medeni durmuşynda belent sepgitlere ýetilip, ähli ugurlar boýunça uly üstünlikler gazanylýar. Garaşsyz döwletimizde döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolsa, medeniýet ulgamyny ösdürmek, medeniýet we sungat işgärleriniň hünär derejesini, döredijilik başarnyklaryny ýokarlandyrmakdyr.  Milli medeniýetimiziň hemmetaraplaýyn ösdürilmegi medeni syýasaty üstünlikli durmuşa geçirmäge, milli ruhy we ahlak gymmatlyklary ösdürmäge gönükdirilendir. Häzirki döwürde, mähriban Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda türkmen medeniýetiniň, sungatynyň we edebiýatynyň has-da ösmegi, täze eserler bilen baýlaşmagy üçin döwletimizde ähli şertler we giň mümkinçilikler döredilýär.

“Berkarar döwletimiziň medeniýet ulgamynda gazanylýan üstünlikler halkymyzyň baý milli mirasyny, däp-dessurlaryny, gadymy gymmatlyklaryny düýpli öwrenmekde, kämilleşdirmekde we dünýä ýaýmakda uly ähmiýete eýe bolýar. Şoňa görä-de, biz medeniýet ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen döwlet maksatnamalaryny yzygiderli durmuşa geçireris, ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärleriniň döwrebap we amatly şertlerde ýaşamaklary, netijeli, döredijilikli işlemekleri, täze, döwrebap eserleri döretmekleri üçin ähli şertleri dörederis” diýip, Hormatly Arkadagymyz türkmen halkyna ýüz tutanda belläp geçdi.

Hormatly Prezidentimiziň sözlerini durmuşa geçirmeginiň aýdyň subutnamasy bolsa ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärleriniň işlemegi üçin berk hukuk binýadynyň döredilmegidir. Medeni gatnaşyklary kadalaşdyrýan kanunçylygyň gözbaşynda döwletimiziň esasy kanuny bolan Türkmenistanyň Konstitusiýasy durýar. Esasy Kanunymyzyň 56-njy maddasynda her bir adamyň, döredijilik adamlarynyň medeni hukuklary we onuň goragy kepillendirilýär. Konstitusiýamyza laýyklykda, her bir adamyň medeni durmuşa gatnaşmaga, çeper, ylmy we tehniki döredijiligiň erkinligine hukugy bardyr. Adamyň ylmy, tehniki döredijilikde, şeýle hem çeperçilik, edebiýat we medeniýet işinde awtorlyk hukuklary hem-de bähbitleri kanun bilen goralýar. Döwlet ylmyň, medeniýetiň, sungatyň, halk döredijiliginiň, sportuň we syýahatçylygyň ösmegine ýardam edýär [1, 30].

Bilşimiz ýaly, häzirki wagtda milli kanunçylygymyzda bu ugurda birnäçe Kanunlar hereket edýär. Mysal hökmünde “Medeniýet hakynda”, “Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini goramak hakynda”, “Türkmenistanyň arhiwleri we arhiw işi hakynda”, “Neşirýat işi hakynda”, “Teatr we teatr işi hakynda”, “Kinematografiýa hakynda”, “Milli maddy däl medeni mirasy gorap saklamak hakynda”, “Türkmenistanyň halk çeper döredijiligi hakynda”, “Muzeýler we muzeý işi hakynda”, “Kitaphanalar we kitaphana işi hakynda”, “Telewideniýe we radiogepleşikler hakynda” ýaly Türkmenistanyň Kanunlaryny getirip bileris. 2021-nji ýylyň 13-nji martynda “Türkmenistanyň arhiwleri we arhiw işi hakynda”, “Telewideniýe we radiogepleşikler hakynda” we “Medeniýet hakynda” Türkmenistanyň Kanunlaryna üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň girizilmegi bolsa medeni gurşawda kanunçylygy kämilleşdirmek wezipesini döwletimiziň üns mezkezinden düşürmeýändigini aýdyň görkezýär.

Türkmenistanyň halkynyň medeniýetini milli däp-dessurlary gaýtadan dikeltmek, aýawly saklamak, ösdürmek we peýdalanmak çygryndaky jemgyýetçilik gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän esasy kadalaşdyryjy hukuk namalaryň biri – 2010-njy ýylyň 12-nji martynda kabul edilen “Medeniýet hakynda” Türkmenistanyň Kanunydyr. Bu Kanun Türkmenistanyň raýatlarynyň medeni durmuşa gatnaşmaga we olar üçin medeni gymmatlyklaryň elýeterli bolmagyna bolan konstitusion hukuklarynyň goralmagyna we üpjün edilmegine gönükdirilendir we medeniýet babatdaky döwlet syýasatynyň hukuk, ykdysady, durmuş we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär. Kanunda medeniýet babatdaky döwlet syýasatynyň  ýörelgeleri we raýatlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň döwlet kepillendirmeleri, Türkmenistanyň medeni gymmatlyklary we milli medeni baýlyklaryň görnüşleri, medeniýet guramalarynyň hukuk ýagdaýy, medeniýet babatda döwlet düzgünleşdirmesi, medeniýet işgärleriniň we döredijilik işgärleriniň hukuk ýagdaýy beýan edilendir.

“Medeniýet hakynda” Türkmenistanyň Kanuny medeniýet we döredijilik işgärleriň hukuklaryny we borçlaryny kesgitleýän esasy namalaryň biridir. Şu Kanuna laýyklykda medeniýet işgäri (şol sanda döredijilik bilen meşgullanýan adam) Türkmenistanyň zähmet kanunçylygynda, zähmet şertnamasynda, kollektiwleýin şertnamada göz öňünde tutulan hukuklardan peýdalanýar we borçlary ýerine ýetirýär. Bulardan başga-da, döredijilik işgäri şu aşakdaky hukuklara eýedir: aýan edilmegi ýa-da ýitirilmegi onuň döredijilik işi bilen baglanyşykly bähbitlerine zeper ýetirip biljek maglumaty goramaga; öz işine üçünji adamy çekmäge; döredijilik we professional bähbitleri boýunça jemgyýetçilik birleşiklerine we guramalaryna girmäge; döredijilik işini amala aşyrmak üçin arhiwlere, kitaphanalara, muzeýlere we medeniýetiň beýleki guramalaryna elýeterli bolmaga [2]. Munuň özi medeniýet işgäriniň erkin raýat dolanyşygyndaky gatnaşyklara zähmet şertnamasyndan daşarda hem girişmäge hukuk mümkinçiliginiň bardygyny görkezýär.

“Medeniýet hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 28-nji maddasynda medeniýet işgärleriniň maddy üpjünçiligi hem-de durmuş taýdan goralyşy göz öňünde tutýan kadalar berkidilendir. Şu kadalara laýyklykda, işleri zähmetiň zyýanly (aýratyn zyýanly) şertleri, professional keselleriň ýokary töwekgelçiligi we howpy bilen baglanyşykly  medeniýet işgäriniň we döredijilik işgäriniň durmuş taýdan goraglylygy we ätiýaçlandyrylmasy, seýle hem olaryň pensiýa üpjünçiligi Türkmenistanyň kanunçylygy bilen göz öňünde tutulan tertipde we şertlerde amala aşyrylýar. Medeniýet işgärleri we döredijilik işgärleri  medeniýet we sungat babatda gazanan üstünlikleri üçin şertleri, maddy üpjünçiligi we ýeňillikleri Türkmenistanyň kanunçylygy bilen kesgitlenilýän döwlet sylaglaryna mynasyp bolýarlar. Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerini, seýle hem aýratyn zehinli ýaş döredijilik işgärlerini döwlet tarapyndan goldamak maksady bilen  Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilen tertipde medeniýet babatdaky döwlet stipendiýalary döredilýär [2].

“Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynyň 22-nji maýynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň on dördünji maslahatynda il-ýurt bähbitli birnäçe täze kanunlaryň we hereket edýän milli kanunçylygyň namalaryna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmegi göz öňünde tutýan resminamalaryň kabul edilmegi medeni gurşawdaky hukuk gatnaşyklaryny düzgünleşdirmegiň netijeliligini hem-de medeniýet, sungat işgärleriniň medeni-döredijilik işiniň ýokarlanmagyny üpjün etdi. Şolaryň biri-de, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisi tarapyndan kabul edilen “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna” atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny döretmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunydyr.

“Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna” atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny döretmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli, Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyzyň durmuşynyň syýasy, ykdysady, medeni, ugurlarynda ýokary zähmet üstünliklerini gazanan adamlary sylaglamak maksady bilen “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna” atly Türkmenistanyň ýubileý medaly hakynda Düzgünnama tassyklandy. Şol Düzgünnama laýyklykda “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna” atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak, ylmyny, bilimini, medeniýetini, sungatyny, saglygy goraýyşyny, şeýle hem ýurduň durmuşynyň beýleki pudaklaryny ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalary durmuşa geçirmekde bitiren uly hyzmatlary üçin sylaglanylýar [3]. Munuň özi medeniýet we sungat işgärleriniň döredijilik ylhamlarynyň joşmagy, döredijilikli zähmete höweslenmegi üçin ähmiýetli bolan hukuk guramaçylyk işi bolup durýar.

Hormatly Arkadagymyzy we türkmen halkyny Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Hormatly Prezidentimiziň jany sag, belent başy aman, türkmen medeniýetiniň, sungatynyň, edebiýatynyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan döredijilikli işleri rowaçlyklara beslensin!

Jennet Allaberdiýewna Saparowa,

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň

raýat hukugy kafedrasynyň mugallymy 

EDEBIÝAT

  1. Türkmenistanyň Konstitusiýasy. Aşgabat. TDNG, 2020.
  2. “Medeniýet hakynda” Türkmenistanyň Kanuny, 2010-njy ýylyň 12-nji marty, http://www.minjust.gov.tm/ru – 04.05.2021.
  3. Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna” atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny döretmek hakynda” Türkmenistanyň Kanuny, 2021-nji ýylyň 22-nji maýy, http://www.minjust.gov.tm/ru – 05.06.2021.

 

https://www.atavatan-turkmenistan.com/turkmenistan-talyplaryny-dasary-yurda-okamaga-iberer/

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan — syýahatçylyk mekany

Nebitgaz pudagy — ykdysadyýetiň daýanjy

Bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy işjeň ösdürilýär

Milli telekommunikasiýa ulgamy – döwrebap ösüşler

Bilimli ýaşlar – geljegiň binýady

Döwrebap ösüşde dil ylmynyň ähmiýeti