SPORT

Mbappe “Altyn aýakgap” baýragyna mynaysp boldy

Madridiň «Real» toparynyň hüjümçisi Kilian Mbappe 2024/25-nji möwsümi üçin «Altyn aýakgap» baýragyna mynasyp boldy. Ol geçen möwsümde Ispaniýanyň çempionatynyň 34 oýnunda 31 gol geçirdi.

Baýrak gowşurylyş dabarasy 31-nji oktýabrda geçirildi. Bu baýrak çempionatda iň köp gol geçiren futbolçylara berilýär. Şeýle hem Ýewropanyň öňdebaryjy çempionatlarynda geçirilen gollar üçin dürli koeffisinet bar.

«Men üçin “Altyn aýakgap” almak uly hormat. Topardaky ýoldaşlaryma maňa hemişe kömek edendikleri üçin minnetdarlyk bildirýärin. Biz köp kubok gazanyp biljek aýratyn bir topar. «Real» üçin çykyş edýändigime begenýärin, bu çagalykdan bäri meniň arzuwym bolupdy. Indi men şu ýerde we entek köp ýyllaryň dowamynda şu ýerde çykyş etmegi umyt edýärin. «Real»-yň janköýerlerine minnetdarlyk bildirýärin, olaryň goldawy men üçin örän uly ähmiýete eýe. Geljek möwsümde hem “Altyn aýakgap” baýragyny gazanmagy umyt edýärin» — diýip, Mbappe baýrak gowşurylandan soň aýtdy.


Kilian Mbappe “La Liga” çempionatynda her bir gol üçin 2 utuk berilýändigini üçin umumylykda 62 utuk toplap, Ýewropanyň iň köp gol geçiren futbolçysy boldy. Ol Portugaliýanyň çempionatynda 39 gol (1,5 koeffisient) geçirip, 58,5 utuk gazanan Wiktor Dýokereşden we 29 gol (58 utuk) geçiren Mohamed Salahdan öňe geçdi.

«Altyn aýakgap» baýragy ilkinji gezek 1968-nji ýylda gowşuryldy. 1992-nji ýyldan 1996-njy ýyla çenli baýragy gowşurmak togtadyldy, ýöne 1997-nji ýyldan täzeden başlandy. Iň köp — 6 gezek bu baýragy Lionel Messi gazandy.

2024-nji ýylda bu baýragyň eýesi Mýunheniň «Bawariýa» toparynyň iňlis hüjümçisi Garri Keýn bolupdy.

Ýene-de okaň

Gruziýa gyşky Olimpiýa oýunlarynyň taryhynda ilkinji medalyny gazandy

Ata Watan Eserleri

Ronaldo “Al-Nasr” bilen meýdança çykdy we gol geçirdi

Gazagystan 32 ýyldan soňra ýene-de altyn Olimpiýa medalyny gazandy

“Arkadag” – “Al-Nassr”: bahreýnli eminler topary eminlik eder

Ata Watan Eserleri

Ronaldo we “Al-Nasr” toparyndaky ýagdaý

«Arkadag» futbol topary ýaş türkmen türgenleri bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri