SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Maýmyn mama keseli 93 ýurtda hasaba alyndy

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy maýmyn mama keseliniň ýaýramagynyň çaltlaşandygyny we hepdelik keseliň sanynyň dünýäde 20 göterim ýokarlandygyny mälim etdi.

Guramanyň berýän maglumatyna görä, soňky bir hepdede 7 müň 500 sany täze wakanyň ýüze çykandygyny we bu kesel bilen kesellänleriň sany 36 müň 412-ä deň boldy.

BSGG-nyň baş direktory Dr. Tedros Adhanom Gebreýesus guramanyň Ženewadaky ştab-kwartirasynda geçirilen metbugat ýygnagynda eden çykyşynda maýmyn mama keseli bilen baglanyşykly soňky wakalara baha berdi.

Gebreýesus ýylyň başyndan bäri 93 ýurtda maýmyn mama keseliniň ýüze çykandygyny belläp, 16-njy awgustda umumy sanynyň 36 müň 412 bolandygyny we wirus sebäpli 12 adamyň aradan çykandygyny mälim etdi.

Ol bu keseliň soňky hepdede giňden ýaýrandygyny belläp, hepdelik kesellänleriň sany 20 göterim artandygyny belledi.

Gebreýesus maýmyn mama keseline garşy mama keseliniň sanjymlarynyň täsirli bolup biljekdigini belledi.

Ýene-de okaň

2025-nji ýylda dünýä boýunça halkara syýahatçylaryň sany 4 % artdy

Ata Watan Eserleri

Saglygy goraýyş çygrynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy pugtalanýar

THY: Aşgabat-Stambul gatnawlarynyň sanyny hepdede 17-ä çykaryldy

German lukmanlary Türkmenistanda iş saparynda bolýarlar

Türkmenistan Bütindünýä saglyk gününi sport çäreleri bilen bellär

Özbegistanda syýahatçylyk çalt ösýär: täze strategiýa ykdysady ösüşi güýçlendirýär