SPORT

Maýk Taýson Özbegistana barar

Meşhur, ady rowaýata öwrülen amerikaly boksçy Maýk Taýsonyň şu ýylyň 12-17-nji noýabrynda Özbegistanyň Daşkent şäherinde geçiriljek Bütindünýä boks assosiasiýasynyň ýyllyk mejlisine myhman hökmünde gatnaşmagyna garaşylýar.

Özbek neşirleriniň habar bermegine görä, Bütindünýä boks assosiasiýasynyň mejlisi boks dünýäsiniň iri halkara çäreleriniň biridir. Onda sportuň bu görnüşini ösdürmek babatdaky meseleler ara alnyp maslahatlaşylýar. Şeýle hem dürli seminarlar, sergiler we baýrak gowşurylyş dabaralary guralýar.

Mejlise milli boks federasiýalaryň wekilleri, tälimçiler hem-de belli boksçular gatnaşýar. Şeýle hem 17-nji noýabrda ajaýyp boks agşamlarynyň birini geçirmek meýilleşdirilýär.

Maýk Taýson – agyr agramda absolýut dünýä çempiony. Ol boks boýunça WBC, WBA, IBF derejeleriniň eýesidir. Maýk Taýson özüniň boks tutluşygyndaky ugry bilen “Demir Maýk” adyny alan meşhur türgenleriň biridir.

Ýene-de okaň

Meşhur rus küştçisi Sergeý Karýakiniň Türkmenistanda küşt kluby açylar

Ata Watan Eserleri

Läle Şöhradowa Türkmenistanyň çempionatynyň ýeňijisi boldy

Ýaş eminler üçin okuw-maslahatyna badalga berildi

Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynyň bijesi: “Real” topary “Mançester Siti” bilen duşuşar

FIFA Dünýä Kubogy 2026: ABŞ wizasyny almaly tomaşaçylar üçin FIFA PASS işe girizildi

Ronaldo Ispaniýanyň “Almeriýa” futbol klubynyň paýnamalaryny satyn aldy

Ata Watan Eserleri