JEMGYÝET

Maýa Kulyýewanyň 100 ýyllygy mynasybetli konsert geçirildi

Şu gün Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Türkmenistanyň Gahrymany Maýa Kulyýewanyň doglan gününiň 100 ýyllygy mynasybetli ajaýyp konsert geçirildi. Maý aýynyň ilkinji güni geçirilen bu ajaýyp konserte ýurdumyzyň sungat ussatlary, medeniýet ulgamynyň işgärleri, teatr artistleri, şeýle hem talyp ýaşlar bilen bir hatarda Türkmenistanyň halk artisti, Türkmenistanyň Gahrymany Maýa Kulyýewanyň maşgala agzalary gatnaşdylar. Onda ýurdumyzyň sungat ussatlary opera sungatynda öçmejek yz galdyran Maýa Kulyýewa bilen geçiren pursatlaryny, wakalary, onuň ýerine ýetiren işleri barada gyzykly gürrüňler berdiler.

Şeýle hem teatryň girelgesinde Türkmenistanyň Gahrymany Maýa Kulyýewa bagyşlanyň ýörite sergi guraldy. Onda halypanyň sungat äleminde gazanan diplomlary, ordendir medallary, heýkelleri, sahnadan pursatlary ýada salýan fotosuratlar ýerleşdirildi.

Dabaranyň başy «Leýli Mejnun» operasynyň giriş sazy bilen başlady. Şeýle hem konsertiň başynda Türkmenistanyň Gahrymany Maýa Kulyýewa hakynda düşürilen dokumental film görkezildi. Bu dokumental film dabara gatnaşyjylarda has-da täsir galdyrdy.

Dabaranyň dowamynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň hor toparynyň, Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň, ýurdumyzyň ussat opera aýdymçylarynyň ýerine ýetiren çykyşlary diňlendi. Onda halypanyň ýerine ýetiren aýdymlary şägirtleri tarapyndan ussatlyk bilen ýerine ýetirildi.

Konsertiň ahyrynda çykyş edenleri ählisi bilelikde «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly opera aýdymy bilen tamamlandy.

Ýene-de okaň

Oguljahan Atabaýewa BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Merkezi Aziýanyň Baştutanlarynyň 7-nji konsultatiw duşuşygy Daşkentde geçiriler

Aşgabatda “Türkmentel-2025” we “ITTC-2025” forumlary geçirilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Aziýanyň ösüş bankynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

Çagalar we ulular üçin “Makul Sözlük” IOS ulgamynda hem elýeterli boldy

Dr.Döwran Orazgylyjov

Türkmen halkynyň Milli Lideri köpçülikleýin bag ekmek dabarasyna gatnaşdy